Islam_Atayew
15.12.2023 19:28
18 yashym.

Yüregiñ böküp dur dünyä sygañok,
Sähel zada gülen 18 ýashym,
Uly dünyä bir garaýşa degenok,
Wah özgesi ýalan 18 ýashym!


Duýmandyryn neneñ,niçik geçeniñ,
Bir toýlarda,tans oýnap serden geçenim,
Şol gözeliñ gözlerine gaçanym,
Girdaba gark bolan 18 ýashym!

Çolaşasyň geldi dilber näzine,
Sataşasyň geldi söýen gyzyňa,
Biygtyýar düşdiñ gitdiñ yzyna,
Ýatlamadan gelen 18 ýashym!

Göz astyndan ogryn-ogryn bakmalar,
Wada berýär wagty bilen çykmaýar,
Agşam aý yşgyna şöwür çekmeler,
Bar wagtymy alan 18 ýashym!

Ähli ahmyr armanlarymy alardym,
Indi näme etjegimi bilerdim,
Şu diläniñe bitse ýatyp dilärdim,
Ýeke gezek dolan 18 ýashym!

Ðiýdi şahyr,gury hyýal haýyşyñ,
Ýyllar gulagyma çakdy çawuşyn,
Şindiki ýaşlardan etjek haýyşym,
Gadryny biliñ siz 18 ýashyñ!

Awtory: Toýly Öwezow.
45
171
gunesh_
11 Yanwar 2024
@tim_, hut şeýle:)
gunesh_
11 Yanwar 2024
@tim_, 😁
gunesh_
11 Yanwar 2024
@tim_, sizem ýokarky teswirlere görä postlara aýlanýaňyz öýdýän:)
nabat_
11 Yanwar 2024
🥰🥰🥰👍👍
nabat_
11 Yanwar 2024
18 yaşym
gokgi
16 Dekabr 2023
@lawyer, awtory Toýly Öwezow
gokgi
16 Dekabr 2023
@lawyer, salam menem goýupdym şu goşgyny, bu Türkmenbaşyñ goşgysy dälä🙄
okayjy
15 Dekabr 2023
Diläniñe bitse ýatyp dilärdim...👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.