garlawac
15.12.2023 18:05
“Abonentiň telefony öçürilendir...”

Sen nirede,
şu hal dara-direde
Şeýle bir sesiňi eşdesim gelýär.
Sen bolsa arzymyň ýeterinden daş.
Aşyk bolan ömrüň eşretin bilýär,
Diňläsim gelýär seň saz ýaly sesiň,
Dem alşyňy, aýnaýşyňy, gülkiňi.
Sen bolsa ret edip, yşkym tütedip,
Meň aşyk pälimi, şahyr küýümi
Bitaý kapyýa deý özüme goýýaň.
Ah, şol telefonňam ebedi öçük.
Men bolsa bir seniň sesiň küýseýän,
Bar zatlaň, ýok zatlaň baryndan geçip.

Aýlanyp-aýlanyp özüme gelýär
Gulaga öwrülip diňleýän jaňlam.
“Abonentiň telefony öçürlen..”
Wah, şu wagt ýüregmi şu jaňa daňsam,
Telefonňy açyp goýar el bile.
Diňe saňa duşup ejizledim men,
Sözüm ýele berdim, ömrüm ýelgine.

Bir ädim ýanymda dem alan günleň,
Düýşüňe girýänim gürrüň bereňde,
Günler zybrym mensiz duşuňdan geçip,
Mahal-mahal “SMS”-lem göreňde...
Bir gün eşiklerim eýesiz galyp,
Senem özüň ýetim ýaly duýmasaň,
Isleýşimçe söýen dälsiň, ezizim,
Eden jaňlaryma hormat goýmasaň!

Aýtmadyk sözleriň ýürege sygman,
Soňky deme çenlem ýetmän takadyň,
Agy bolup bokurdagňa direse,
Pyşyrdylaň barar maňa jaň bolup:
“Sen nirede, sen nirede, nirede?!.”


Seýitmyrat GELDIÝEW
33
207
okayjy
15 Dekabr 2023
Bir gün ykbal, meni aýrar senden,
Ýudunyp gözýaşyñ gizlärsiñ menden.
Mahribanym seni söýýärin çenden,
Aýralyk ýoluna ugratma meni... 🎶🎶🎶

# Serdar Çaryýew
elisa
15 Dekabr 2023
Aýnur Myradowa
elisa
15 Dekabr 2023
Naz gotermez,yigit soymese bashda Soygi gelse, saylap gelmez her yashda Bir sozde diydirmez,diymeklik hichle... Soyulmek bashga,soymek bir bashga.
gulshatayewa97
15 Dekabr 2023
Ýaşap bir dem ýyldyrymly dide-de,
Ne-hä yşkdan,
Ne hasratdan gandyk biz.
"Soýýänem" diýipdik birek-birege,
Ýöne köne dostlar bolup galdyk biz.

Dözmezim sen,
Gözleriňden syrykdym.
Dönmezim sen - saňa gurban bolaýyn!
Goýnuma däl,
Sen düýşüme giripsiň,
Söýgiden ezizim, dostdan golaýym!

Nobatguly Rejepow



sazsoft
15 Dekabr 2023
@garlawac_, Baş üstüne 😊
sazsoft
15 Dekabr 2023
@garlawac_, Bolýa, gül-ä solmaýan bolsun, suwam doňmaýan bolsun ýöne 😊
sazsoft
15 Dekabr 2023
Meni tanaýan bolsaň sen

Meni tanaýan bolsaň sen,
Suratyn çek ýüregimiň.
Suratda sebäbi bolsun,
Meniň uçup ýörenimiň.

Çekip ber gülüň suratyn,
Hiç haçan solmaýan bolsun.
Çekip ber suwuň suratyn,
Hiç haçan doňmaýan bolsun.

Çekip ber Günüň suratyn,
Sensiz hiç dogmaýan bolsun.
Çekip ber, seniň suratyň,
Mensiz hiç oňmaýan bolsun...

Aýgül Garaýewa
sazsoft
15 Dekabr 2023
❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.