Esgerchik
25.11.2019 15:06
Google kompanýasy hakynda az bilinýänler.

1. Google işgärleriniň 14%-niň uniwersitetlerde okamadygyny bilýärdiňizmi.Google işe girmek üçin hökman diplomly bolmak gerek däl esasy bilinmeli zat programma dili (Phyton,Java,C++)we.ş.m

2.1999-njy ýylda Google gurujylary kompanýany 1 million dollara Excite kompaniýasyna satmak isläpdirler ýöne Excite ondan ýüz öwüripdir.

3.Birinji Google doodle'y 1998-nji ýylda Burning Man Festivali üçin ýasalypdyr.

4.Eger bir Google işgäri ölse, olaryň ýan ýoldaşyna 10-ýyllap aýlyklarynyň ýarysyny, çagalary bolsa 19 ýaşaýança 1000 dollar berýärler.

5.Google 2020-nji ýyla çenli hemme kitaplary digital görnüşde okaýjylara taýýarlamagy planlaşdyrýarlar.

6.Google'a her minut 2 million gözleg edilýär. Bir günde edilen gözlegriň 16% öň hiç gözlenmeýär.

7.Google çöllerde "street view" ýagny 360 gradus suratlary çekmek üçin kangurularyň kellesine kameralar ýerleşderipdirler.

8."I'm feeling lucky" saýtynyň çykdaýjysy 110 million dollar dyr. Sebäbi Google ol saýtda hiç reklama goýmaýar.

8.Google'niň reklamalardan alýan ýyllyk gazanjy 20 milliard dollar bolup, ol ABŞ-nyň iň uly TV kanallarynyň alýan gazanjyndan hem köpdir.

9 . Google özüni programmalaşdyryp bilýän kompyuter oýlap tapmaga taýýarlanýar

10.Google işlemek üçin amatly kompaniýa derejesini yzly-yzyna 4 gezek alypdyr.

11.Google ady ýalňyş ýazylypdyr . Aslynda
"Googol" bolmaly eken. Googol 1 yzyna ýüz sany 0 (nol) Googol'dyr.

12)2013-nji ýylyň 16-njy Awgustynda Google 5-minutlyk işlemändir we internet akymyny 40% haýalladypdyr.

13)2010-njy ýyldan bäri Google aýda 2 edara satyn alýar.

14. google.com/mars adresinde Marsy edil ýeri sputnik da görşümiz ýaly görüp bolýar

15.Google Earth (Гугл Планета) programmasyndaky sputnik suratynyň jemi göwrümi 20 Petebaytdan köpdir. 20 petabayt 20 müň terebaýt ýagny 20 million Gigabayta deňdir.Eger siz Google Карта daky sputnik suratyny ýüklejek bolsaňyz 20 mln Gb-lyk telefon gerek bolýar.???

16.Google 2003-nji ýylda ulanyjylaryň Gmail'a geçmegini islänleri üçin, Gmail ulanyjylaryna 1 gigabayt ýer, Hotmail ulanyjylaryna bolsa
2 megabayt ýer beripdir.

17. Google gurujylary kompanýany bir maşyn garajyndaky kompýuterde döredipdirler, ol garajyň eýesi(aýal) şu wagt YouTube'niň CEO-dyr.

Google hakyndaky 2-nji makalany halansyňyz diýip umyt edýän. Eger içinde täze öwrenen zadyňyzy biz paýlaşmagy we like goýmagy unutmaň.
8
121
Myhman
25 Noýabr 2019
???
Esgerchik
25 Noýabr 2019
Sagbol dost
Myhman
25 Noýabr 2019
?????
Sanjar
25 Noýabr 2019
Mlds gowy maglumatlar ?‍??‍??‍??‍?

Esgerchik gowy maglumatlar goyyañ indikilerinede garashyas
Esgerchik
25 Noýabr 2019
Indiki goýjak postym Microsoft gurujysy Bill Gates hakynda.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.