garlawac
15.12.2023 11:37
Ýaz ýaňaklym, güýzüm ýaly sada sen,
Tomus mähriň gyş deý açar göwnümi.
Ýygrylsaň ýyldyrym urar dünýämi,
Ýylgyrsaň duýguçyl dünýäň göwrümi
giňän ýaly, gaýyp bolup gözýetim,
Ähli ýerde görerin men dideleň.
Ynan,ynanmasaň syna-da göräý,
Barkaň bagtym özge ýerden idemen.

Bir sen belet bir sen diýýän ýüregme,
Bir sen sebäp çemen eýlän güllerme.
Ökünmerin saňa soňsuz hat ýazyp,
Uky bilen öýkeleşen günlerme.

Gözüň ugratmasyn hiç ýere meni,
Eliň hoşlaşmasyn, bagtdan galgasyn.
Duşundan geçirip durmuş otlusyn,
Bagtymyz bihabar ýatyp galmasyn.

Ganmasyn gözlerim bakyp roýuňa,
Ygraryň sönmesin beren wadaňa.
Özüň sebäp munda meniň saglygma,
Saglygyňa meý guýsam-da badama.
Seniň bilen artar kalbymyň yşky
Sen bolaňsoň howlugamok bakyýa
Durmuş – adamlardan düzülen goşgy
Bu goşguda bir sen maňa kapyýa!

Mukam MUHAMOW.
30
86
sazsoft
15 Dekabr 2023
Örän gowy goşgy eken, gowy ýazylypdyr. Haladym 😊
Öz ruhy ýagdaýyňa kybap gelýän şygyrlary tapyp paýlaşmagyň özem bir sungat 😊
sazsoft
15 Dekabr 2023
"Duşundan geçirip durmuş otlusyn,
Bagtymyz bihabar ýatyp galmasyn" 👏👏👏
sazsoft
15 Dekabr 2023
"Ökünmerin saňa soňsuz hat ýazyp,
Uky bilen öýkeleşen günlerme" 😊
sazsoft
15 Dekabr 2023
"Ynan, ynanmasaň syna-da göräý,
Barkaň, bagtym özge ýerden idemen" ❤️
altyyeva
15 Dekabr 2023
❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.