Kenno_Tabi
15.12.2023 10:50
SIZEM BIZ ÝALY MÖR-MÖJEK

fantastiki hekaýa

(1-nji bölüm)

BS Demonverse

"Düýşümde özümiň kebelekdigimi gördüm. Oýandym welin pikir etdim. Men düýşimde kebelekdigimi gören adammy ýa-da düýşinde adamdygyny gören kebelekmi? Bilemok"
Çžuan Szi

Mekan adatdakysy ýaly bugünki işini dynyp öýüne gelýärdi. Ýolda gelýärkä nähilidir bir düşnüksiz duýgy ony saklady. Ol daş-töweregine seretdi. Soňra çep gapdalyndaky dükana girdi. Ol dükanyň içini aýlanyp, alar ýaly göwnemakul zat tapmady. Mekan iki ýyl ozal ejesinden aýrylypdy. Kakasyny bolsa ol umuman görmändi. Ol Mekan dogulmanka aradan çykypdy. Mekany ejesi ulaldyp kemala getiripdi. Indi bolsa Mekan ýalňyz galypdy.
Mekan ol dükandan çykyp, gapdaldaky kompakt diskler satylýan dükana girdi. Dükandan kompýuterde oýnamak üçin bir sany oýun diskini, soň bolsa içi gysan wagty görmek üçinem bir sany kinofilm DVD diskini aldy. Mekan diskleriň pulyny töläp dükandan çykjak bolup durka dükanyň gözegçisi Mekany sakladyda "Bäş minut wagtyňyzy almaly bolýan. Meniň bilen ýörüň" diýdi. Mekan razylyk bildirdi. Soňra olar bir otaga girdiler. Ol otagyň diwarynda ullakan sirkul we iki sany çyzgyjyň ortasynda "G" harpy çekilen nyşanyň suraty bardy. Mekana ol nyşan tanyş göründi, emma ol nähili nyşandygny ýatlap bilmedi. Mekan ahyry gözegçiden näme maksat bilen bu ýere getirlendigini sorady:
— Siz meni näme maksat bilen bu ýere getirdiňiz?
— Sende bize gerekli açar bar şony maňa beriň! Siz ony dükandan ogurladyňyz.
— Jenap mende hiçhili açar ýok we men dükandan hiç zat ogurlamadym.
— Näme oýun etjek bolýaňmy meniň bilen, sende açar bar ony maňa ber?!
— Aýtdyma mende hiçhili açar ýok. Eger öýümiň açaryny soraýan bolsaň...
— Öýüň açary özüňe nesip etsin. Maňa zerur bolan açar bar sende. Maňa şol açary ber!
— Mende başga hiç-hili açar ýok jenap!
— Mekan Annaýew men senden açary bermegiňi haýyş edýärin!
— Jenap, siz meniň adymy we familýamy nirden bilýäňiz?
— Men köp zady bilýärin. Sende maňa juda zerur bolan açaryň bardygyny hem bilýärin.
Mekan torbasyndaky dükandan alan disklerine seretdi. Birinde "Key (compuuter game)" ýazgysy, beýlekisinde bolsa "Key (sci-fi movie)" ýazgysy bardy. Mekan "Onuň açar diýýäni şularmyka" diýip pikir etdi. Birdenem dükan gözegçisiniň gözleriň reňki sara öwrüldi. Derisi ýylanyň derisine öwrülende ol dilini çykardy. Soňra dili hem ýylanyň diline öwrüldi. Mekan gorkdy. Ol gapa tarap ylgady. Daşky görnüşi ýylana meňzän dükan gözegçisi "açary maňa ber" diýip gygyrýardy. Birdenem otagyň içi giňelip ugrady. Mekan näçe ylgasa hem gapa ýetip bilenokdy. Mekanyň yzyndan ýaňky dükan gözegçisi ýuwaşlyk bilen gelýärdi. Mekan gorkup kelemesini öwrüp başlady. Şol bada ol gapynyň ýanynda peýda boldy. Ol gapyny açyp daşara çykdy. Has dogrusy ol içere girdi, öz öýüniň içersine. Ol derrew gapyny ýapdy. Ol nädip öz öýünde peýda bolanyna haýran galýardy. Ol bir minut aňk-taňk bolup durdy. Soňra ýuwaşlyk bilen gapyny açyp jyklady. Seretse ne dükan gözegçisiniň otagy ne-de onuň özi bardy. Ol öz öýüniň howlysyny synlaýardy. Soňra gapyny ýapdyda uludan dem aldy. Ähli erbetlikler geçip gitdi. Aslynda ähli erbetlikler indi başlaýardy.
Mekan torbasyndan diskleri çykardy. Olaryň ikisinde hem açaryň suraty bardy. Biri "Açar" atly kinofilm diski, beýlekisi hem "Açar" atly oýun diskidi.
Mekan sowadyjyda duran nahary gyzdyryp, garnyny doýuransoň "Açar" atly kinofilm diskini DVD pleýere salyp, DVD pleýeri we telewizory işletdi. DVD pleýer diski okamady, telewizorda "DISC ERROR" ýazgysy peýda boldy. Mekan DVD pleýeriň pultyndaky "RESTART" düwmesine basdy. DVD pleýeri diski sarady sarady ýöne ýene okap bilmedi. Telewizorda ýene "DISC ERROR" ýazgysy peýda boldy. Soňra diski DVD pleýerden çykaryp, DVD pleýeri we telewizory öçürdi. Kompýuteriniň ýanyna gelip ony işletdi. Kompýuterine "Açar" atly oýun diskini saldy. Kompýuter monitorynyň ekrany garaldyda "DISC ERROR" ýazgysy peýda boldy. Mekan klawiaturadaky "RESTART" düwmesini basdy. Biraz salymdan ýene şol "DISC ERROR" ýazgysy peýda boldy. Mekan oýun diskini DVD pleýere salyp görmegi pikir etdi. Şeýlede etdi. Telewizorda "Hakykatyň açary" ýazgysy peýda boldy. Soň ol ýazgy ýitip, "Mekan, senden we umuman ynsanlykdan gizlenýän hakykatlary öwrenmäge taýyn bol! Sebäbi bu hakykatlary bilmek seni şok eder". Soňra telewizor ekranynda giň meýdanda hatara duran ýumurtgalar göründi. Ekranda ýene ýazgylar peýda boldy. "Matrisa filmini gören bolsaň bu aýtjaklaryma düşinersiň. Bu ýerde milliardlap ýumurtga bar we bu hakyky dünýä. Seniň ýaşap ýören dünýäň bolsa hakyky däl. Bu matrisa. Bu ýumurtgalaryň içinde tutuş adamzadyň hakyky özleri ukyda ýatyr. Olar düýş görýär. Şol sanda su ýumurtgalaryň birinde senem düýş görüp ýatyrsyň. Bu ýumurtgalaryň ählisi "Lowhul Mahfuz" atly ýeketäk ullakan ylahy kompýutere birikdirilen. Aslynda siziň görýän zatlaryňyzyň ählisi ýalan. Size hakyky dünýäniň merkezinden ýagny şol Lowhul Mahfuzdan radiotolkunlar arkaly düýş görkezilýär. Sen her gije ukyda görýän düýşler bolsa Lawhul Mahfuzdan gelýän parallel tolkunlar. Ýagny parallel älemler. Sen aslynda huş diýip bilýän durmuşyň iň güýçli tolkun. Seni bir antenna hökmünde kabul etsek, sen ony ýokary takyklykda kabul edýärsiň. Huş tolkunynyndan başga tolkunlary bolsa uka giden wagtyň kabul edýäň. Şol sebäpli düýşler dury däl, bulanyk görülýär. Käbir adamyň gulagyna her dürli sesler eşidilip, gözüne galýusinasiýalar görünýär. Bu hem parallel tolkunlar. Bu Matrisa aslynda Matrisa kinofilmindäki ýaly erbet ýer däl. Matrisa kinofilmi şeýtanyň aldaw hilesi esasynda döresilendir. Alla bu matrisany size synag hökmünde ýaratdy. Gürrüňi parallel tolkunlar barada dowam etsek. Parallel tolkunlaryň bir bölegi Allaňky, ol Lawhul Mahfuzdan gelýär. Beýleki bir bölegi şeýtanyňky. Ol şeýtanyň kompýuterinden gelýär. Mysal üçin adamlar köp zady öňünden düýşlerinde görýär. Bu tolkunlary Alla duýduryş hökmünde ugradýar. Käbir düýşlerde bolsa adam öz nebis arzuwlaryny we ham hyýallaryny görýär. Bu bolsa şeýtanyň ugradan tolkunlary. Käbir adamlaryň gulagyna eşidilýän sesler bolsa jyn şeýtanlaryň pyşyrdysy. Bu tolkunlary adam beýnisine şeýtan ugradýar. Seni bu hakykatlardan habardar etmekden maksat, ýakynda Mäti bilen Isa alaýhyssalam gaýdyp geler. Sen bolsa olara goşulyp Dejjalyň goşunyny ýeňmäge kömek etmelisiň. Dünýäde birnäçe gizlin güýçler (ilýuminatlar we masonlar) Dejjalyň çykaryna garaşýar. Seniň öýüňe ertir Aly atly ýigit geler. Onuň bilen birlikde sen Dejjalyň goşunyna garşy göreşersiň.
Adamar bütin ömür "biz dogulmankak nirededik we ölenimizden soň nirä gideris?" diýen soraga jogap gözleýär. Adam dogulmanka onuň ruhundan soralýar: "Adam bolmak isleýäňmi ýa perişde?" adam bolmak isleýändigni aýdan ruha synag dünýäsinden geçmelidigi barada habar berilýar we ol synag dünýäsine baranda bu ýerde bolanlary unutjakdygy ýatladylýar hem-de synagdan dogry geçip bilse ebedi jennete alynjakdygy aýdylýar. Adam ölensoň ol hakyky dünýä barýar we ol ýerde sorag-jogap edilip jennete ýa-da jähenneme göýberilýär. Sen bu wideony görýän bolsaň synagdan geçdiň. Alla seni disk dükanynda şeýtanyň tolkuny bilen synady, egerde sen dükan gözegçisine diskleri bereniňde ýa-da ondan gaçýarkaň kelemeýi şahadatyňy aýtmadyk bolaňda, seen şeýtanyň tolkunyndan çykybilmezdiň, ol seni azdyrardy..."
Mekan Matrisa filminem görüpdi, din ugrundan hem düşünjesi bardy. Şol sebäpli ol bu habara derrew düşindi. Soňra Mekan "Açar" atly kinofilm diskini kompýutere saldy. Ekranda asmany bezeýän ýyldyzlaryň kartasy ýer aldy. On iki sany zodiak ýyldyz toplumlarnyň kartasy ýekeme ýeke görkezildi. Soňra Kowus (Keman) ýyldyzlar toplumy görkezildi. Soň ekranda diňe Kowus A* (Sagittarius A*) ýyldyzy göründi. Ekrandaky görnüş zoom boldy, ýagny ulaldyldy. Kowus A* (Sagittarius A*) aslynda ýyldyz dälde gara girdapdygy äşgär boldy. Mekan astronomiýa ylmynyň täzeliklerinden habarly bolansoň munyň şeýle boljagyny, ýagny gara girdapdygny bilipdi. Kowus A* Akmaýanyň ýoly galaktikasynyň merkezindäki ägirt uly gara girdapdygyny astronomlar subut edipdi.

Dowamy bar...
38
176
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
@tmyigit76, düşünmedim?
tmyigit76
16 Dekabr 2023
Düýşde bolsa düýşde dejjala garşy göreşýälermi :⁠-⁠|
okayjy
16 Dekabr 2023
Biraz bulaşygyrak we gyzyksyz ýaly 🤔. Awtory öziñmi ?
bagulya
15 Dekabr 2023
@billygenius98, oki oki bagyshlan
Kenno_Tabi
15 Dekabr 2023
@Serwi, özüm däl, dwoýnigim 🙄
Kenno_Tabi
15 Dekabr 2023
@Serwi, gowy, sen gowmy?
Kenno_Tabi
15 Dekabr 2023
@Serwi, Salam, näme üçin? 🙄
Kenno_Tabi
15 Dekabr 2023
@bagulya, hä, ýalňyşlykda boldy. Teswir galdyraýyn diýdimemle welin, ýaltandym. Bagyşlaň
bagulya
15 Dekabr 2023
@billygenius98, nemelai menin su gunki goyan postumdan narahat boldunyzmy
bagulya
15 Dekabr 2023
@billygenius98, gaty gowy menkem sizden bir zat soramakcydymlai
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.