gokgi
14.12.2023 16:40
Zenan mähri bilen ýyladar öýüñ,
Şoñ üçin olary ýürekden söýüñ.

Zenanlar bolmasa şaý-sep satylmaz,
Zenan ýok ýerinde şatlyk tapylmaz.

Zenan höwesinden dörän keçeler,
Zenandyr biz üçin ýaşan ejeler.

Zenanlar bolmasa dokalmaz haly,
Zenansyz tümlükdir erkegiñ haly.

Zenanlar bitmejek ýaraña emdir,
Zenanlar garañky ýoluña şemdir.

Zenanlar bolmasa pikir güýjemez,
Zenanlar bolmasa, dilem süýjemez.

Hudaý bize ýeñletmek üçin derdi,
Her öýe azyndan bir zenan berdi.

Zenanlar bolmasa ekilmez şaly,
Zenanlar pyrlaýar goja ýer şary.

Zenanlar ýok bolsa, älem döwülsin,
Zenan ýokka erkek kime görünsin?!

Zenanlar bolmasa, bolmazdy ene,
Zenanlar bolmasa, geçmezdi sene.

Zenandyr dünýäniñ ençe aşpezi,
Zenandyr kösenip ulaldan bizi.

Zenanlar bolmasa ýiterdi kärler,
Zenansyz dünýäden giderdi ärler.

Sebäpsiz ýykañda zenan göwnüni,
Kiçeler gözüñde dünýäñ göwrümi.

Olaryñ gözýaşy ýürek daglatsyn,
Goý, zenany diñe sogan aglatsyn.
28
43
sazsoft
15 Dekabr 2023
❤️
gokgi
14 Dekabr 2023
@flowers_, @gurbanowma, ýok o däl awtory Durdygylyç Ýarjanow
gurbanowma
14 Dekabr 2023
Howwa kerim hallyyew
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.