Ýarty Aý gutaba çalym edýärdi,
Hatda men şol gije şamymam iýmän,
Ýolboýy Aý synlap teatra bardym,
Yşk buran boýnuma şarfymy iltäp.
Teatr, teý ahyr, ýene sataşdyň,
Ýere degrip gök köýnegiň etegin.
Süýt reňkli gijede elde galgadyp,
Sygryň dili ýaly oýnuň petegin,
Seň duşundan geçip gitdim tolgunyp.
Sahnada Leýli gyz, göz öňümde sen,
(Söýseňem söz gatyp bolmayan eken,
Çekinjeň ýürege dözebilmeseň) ❤️
Sahnaň perdesi deý çala buýraly,
Saçlaryňy goýberipsiň daraklap.
Ähli yigitleriň nazary sende,
A men, gözlerimi derde ýaratman,
Ýüzüm sallap, ses-sellemsiz örtendim.
Örtendim men äşgär owadanlyga.
Aglaýjak-aglaýjak bolan günlemem,
Ýasda-da mertligi oňaran owa,
Erkimden egsilip, bagtdan basylyp,
Artykmaç görkünden kemsinip galdy.
Iki owurdymdan agyr ýuwdunyp,
Aýtmadyk sözlerim kemşerip galdy
Düşünýän, Üýtgedip bolmajak zatlar,
Gynananňa jinnek ýalam degmeýär.
Ýöne şol gijede meniň ünsümi,
Başga bir zat, başga bir zat egleýär.
Gutaba meňzeýän Aýam däl ol zat,
Sahnada däl, Mežnunam däl, Leýlem däl.
Gözleňem däl ogryn-dogryn garaýan,
Saña bolan höwesem däl, meýlem däl.
Henizem ýadymda şu günki ýaly:
Süýt reňkli gijedi, daşary aýdyň,
Sowukdy, bu-da hiç, ýöne barybir,
Şol gije näm üçin saçyňy ýaýdyň?!
Sebäbine meň özümem düşünmän,
Seni söz gatmasyz keseki saýdym.
Diňe bir ullakan sorag ýadymda,
Ak ýüzüňi ýarty Aya meňzedip,
Näm üçin,
näm üçin saçyňy ýaýdyň? 🍁
Seýitmyrat Geldiýew