Bio_girl👩‍🔬💫
12.12.2023 19:27
Dürli ýurtlardaky iň täsin Täze ýyl yrymlary
Halklaryň biri-birinden ýüz keşbi, gylyk-häsiýeti, edim-gylymy bilen tapawutly bolşy ýaly, yrym-ynanjy-da birmeňzeş däl. Bu aýdanlarymyz Täze ýyl yrymlary babatynda-da şeýle. Emma dürli-dürli täsin yrymlar bilen tanyşdygyňça, başga bir zada has anyk göz ýetirýärsiň: haýsy halkyň wekilidigine garamazdan, adam nämedir bir zady yrym etmek bilen, şu gün, hut häzir nähilidir bir gudratly güýjüň kömegi arkaly iň süýji arzuwlarynyň wysal bolmagyna, has dogrusy, öňküsinden has bagtly bolmaga ynam baglaýar. Geliň, bizem ertekä mahsus howasy bilen hemmeleriň söýgüli baýramyna öwrülen Täze ýyl baýramynda dürli ýurtlarda ýerine ýetirilýän täsin yrymlar bilen tanyş bolalyň!

Fransiýa
Bu ýurtda esasy Täze ýyl tagamy öý bikesiniň içinde noýba gizläp bişiren tortudyr. Yryma görä, kimiň iýip oturan tort böleginden şol gizlenen noýba çyksa, onda ol adam geljek ýylda ähli arzuwlaryna ýeter.

Braziliýa
Bu ýurtdakylaryň köpüsi Täze ýyl baýramyny ummanyň kenarynda belläp geçýärler. Olar gije sagat on ikä golaýlap, sagadyň zaňlarynyň kakylýan wagtynda ýedi tolkundan böküp geçmäge synanyşýarlar we her tolkunda bir arzuw edýärler. Eger kimde-kim şol ýedi tolkundan sag-aman geçip bilse, onuň indiki 12 aýda hemme arzuwlary hökman amala aşar diýip begenýärler.

Ispaniýa
Ispaniýada Täze ýyl saçagynda hökman üzüm goýulýar. Haçan-da, sagat gije on ikiniň bolandygyny aňladyp zaňlar kakylyp başlanda bolsa, her zaň bilen bir üzüm dänesini iýmäge çalyşýarlar. Ispanlar şeýle etmek bilen, her üzüm dänesini täze arzuw, üzüm dänesini iýmek bolsa, şol arzuwyň hasyl boljakdygynyň alamaty diýip kabul edýärler.

Şotlandiýa
Bu ýurtda dürli alamatlara we yrymlara köp üns berilýär, meselem, ýanyp duran ot bu halkda geçmiş bilen aýrylyşmaga kömek edýän esasy elementdir. Şonuň üçin, ähli maşgala agzalary Täze ýyl güni öň bolup geçen haýsydyr bir kynçylyklary ýatladýan ýa-da olar bilen baglanyşdyrýan zatlary ojakda ýakýarlar we oda seredip, indiki geljek 365 gün hakda süýji arzuw edýärler. Soňra maşgalabaşy geçen ýyl bilen hoşlaşyp, täzesini jaýa goýberýän adam hökmünde öýüň daşky gapysyny açyp goýýar.

Ýaponiýa
Ýaponiýa «Günüň dogýan ýurdy» diýlip at berilmegi, hakykatdanam, ýöne ýere däl. Çünki Täze ýyl arzuwlary bu ýurtda gije däl-de, daň atandan soňra edilýär. Ýaponlaryň yrymyna görä, adam öz arzuwlarynyň hasyl bolmagyny isleýän bolsa, hökmany suratda, daň atan çagy Günüň Ýere düşýän ilkinji şöhlelerini görmelidir.

Daniýa we Germaniýa
Bu iki ýurduň ýaşaýjylary Täze ýylyň gelendigini buşlaýan sagat zaňlarynyň kakylýan wagty oturan oturgyçlaryna münüp dik durýarlar we sagat iň soňky zaňyny uranda oturgyçdan bat bilen aşak bökýärler. Bu hereket olarda arzuwlary hasyl etjek bagtly geljege tarap bökmek diýlen simwoliki manyny aňladýar.

Bolgariýa
Bolgarlar Täze ýylyň ilkinji sekuntlaryny garaňkylykda geçirýärler. Olar Täze ýylyň golaýlap gelýän ýakymly pursatynda çyrany öçürýärler we sagadyň 12 urgusynyň dowamynda öz ýakyn adamlaryny gözläp başlaýarlar. Eger olar öz ýakyn adamlaryny tapyp başarsalar we iň esasysy-da, olary gujaklap öpseler arzuwlar hökman hasyl bolar diýip ynanýarlar

#Salam news
50
1 703
nabat_
13 Dekabr 2023
@alone_girl_05, kizzz icim gysyaaaa🙁
nabat_
13 Dekabr 2023
@alone_girl_05, axaa bolly sol🥰🤗
nabat_
13 Dekabr 2023
@alone_girl_05, gowy srn nahilii
nabat_
13 Dekabr 2023
@alone_girl_05, 😀mn ba😊
nabat_
13 Dekabr 2023
nabat_
13 Dekabr 2023
Millet selam d c oynalyña😄😄😄
rousey
13 Dekabr 2023
@alone_girl_05, aklm mn postyma gelay
nabat_
13 Dekabr 2023
@alone_girl_05, 🥱meen
rousey
13 Dekabr 2023
@alone_girl_05, gel yazysayyn
rousey
13 Dekabr 2023
@alone_girl_05, hos gellin nm getirdin bos gellinmi ya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.