hajymyratt
12.12.2023 12:38
Belli çägi bolmaz zähmet wagtynyñ,
Dañ saz berse işlerine başlarlar.
Ýadamazlar, hyjuw bilen ýapyşyp,
Her işinden göwünlerni hoşlarlar.

Süpürip, ýuwarlar ähli ýerleri.
Keşde çekip, gaýma gaýaýan haýsy?
Hiñlenip ajaýyp owaz içinde,
Ojagny mährine boýaýan haýsy?

Şol işleriñ arasynda sypynyp,
Wagt-wagtyna naharynam atarlar.
Mukaddes öýüne hyzmaty bilen,
Olar Hakyñ alkyşyny götärler.

Şeýdip geçer gyşlar, tomuslar ýazlar,
Geçer tylla saçan ötegçi güýzler.
Bir manat hak soramazlar işine,
Hormat hemmäñize öýdeçi gyzlar.

Hajymyrat Goşaýew
16
46
sabyrly
12 Dekabr 2023
@hajymyratt, bogun sana häzir kän bir üns berlenokmyka diýýän hazirki wagt kän duş gelýän esasy zat aýtjak bolýan zadyñy okyja ýetirmekmyka diýýän elbetde bu öz pikrim duşünmånimdensoñ soraýdym üstünlik galamyña bereket
hajymyratt
12 Dekabr 2023
@sabyrly, minnetdar. Biraz kadadan çykmaly bolýa bogun sanyny, kapýany sazlamak üçin.
sabyrly
12 Dekabr 2023
Ha ha soñy üýtgeşikje öýdeçi gyzlary eşdip görmedim haladym ýöne ýekeje ýerde wagt-wagtyna, birtäsinräkdämi wagtly-wagty diýmelimi elbetde bu meniñ öz pikrim akyl satdygym däldir dostana maslahat
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.