garjagaz
10.12.2023 10:12

Hemmäñize salam! Sizi tanamak örân gowydy. Men öwrenmelide ýüregi gardanam ak gowy dostlar tanadym. Eger göwnüñize degen bolsam bagyşlan! Sizi tanamak uly bagt. Gyş gutaryp yaz geler. Ýazda garlar eremâkâ men gideýin, hemmâñize sagboluñ, hoşgalyñ 😔😔😔💔💔💔🥀🥀🥀



O günler şeýle bir tiz geçdi ýa-da


Şeýlemikä bagtly günleň ykbaly?


O günler şeýle bir tiz geçdi göýä


Tüpeňden atylyp çykan ok ýaly.




Köňül - ganatlary gyrylan guş deý,


Uçmaga hiç ýana edenok meýil.


Ol ajaýyp günler şeýle tiz geçdi,


Üstümden garlawaç kölgesi deýin.




Häzir meň şeýle bir sussum pes, hatda


Aglara agy ýok, gülere gülki.


Ýatlamalar galdy o günler hakda,


Ýürek sende galdy, göwräm özümki.




Şol şat günler hasrat bolup bu beýnä


Guýulyp, aklym has goýalan ýaly,


Gezip ýörün bir ajaýyp düýş görüp,


Iň oňat ýerinde oýanan ýaly.

26
93
serdarowna
10 Dekabr 2023
Gyýw gitme-dä
senorita
10 Dekabr 2023
Ýaza çenli 3 aýa golaý wagt bara :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.