tmyigit76
09.12.2023 14:24
Taryhyň iň wagşy üç milleti



Täsirçil we psihiki taýdan ejiz adamlar okamasyn.Postda käbir pisihika täsir etjek maglumatlar bolmagy mümkin.





Geçmişde öz eden-etdilikleri we ýöreden nädogry syýasatlary sebäpli özüni dünýä wagşy milletler hökmünde tanadanlar bar. Olardan iň esasy üçüsini siziň dykkatyňyza ýetirýäris. Munuň üçin biraz geçmişe häzirki döwürdäki wakalara ýüzlenýäs

Soňky döwürlerde ýer ýüzünde bolup geçýän wakalar, uruşlar sebäpli köp döwletler özüniň asyl ýüzüni görkezdi.
Käýir döwletler demokratiýany özüne nykap edinip öz eden- etdiliklerini dowam etdi. Olaryň güýjünden gorkup dünýäniň iri guramalary hem olara zat diýip bilmedi.Käbirleri geçmişdäki ganly wakalary başga bir döwletiň üstüne atdy.
Bular ýer ýüzüne ýigrenjiň, duşmançylygyň köpelmegine getirdi. Käbir syýasatçylar bu wakalary 3- nji jahan urşunyň başlangyjy diýip bahalady. Dogrysyny Alla bilýär...

Esasy temamyza geçeliň.


I. Nemesler.




XX asyrda iň köp wagşylyklary eden millet hasaplanýar. Ondan başga-da nemesler1-nji jahan urşunda-da köplere mälim bolmadyk harby jenaýatlar eden. Emma 2-nji jahan urşu adamzat taryhynda iň iri gerimli uruş. Bu urşy gurnaýjy we tutaşdyryjy bolup nemesler çykyş edýär. Olar dünýäde öň görülmedik wagşylyklary edipdirler. Olar Ýörite ölüm lagerleri gurupdyrlar. Olardan esasylary Çelomno, Belzec, Sobibor, Treblinka, Majdanek we  Osvensim görkezmek bolar. Oswensim olaryň iň gorkulysy bolup onda 1 milliona 300 müňe golaý dürli milletdäki we harby tussaglar öldürilýär. Ol konslagerlerde ölümiň iň wagşy usullary : gaz kamerasy, atuw diwary, jeset ýakylýan krimatoriýar, 90x90 ölçegli aýratyn düzgün bozanlar saklanýan kameralar bar bolan. Konslagerlerde saklanýan adamlar toparlara bölünýär. Işe ýaraýanlar diri galyp, galanlar rehimsiz öldürilýär. (Işe ýarawsyz: aýallar, çagalar, garrylar ýaralylar göz öňünde tutulýar) Işe ýarawlylar hem açlykdan, agyr zähmetden ýogalypdyrlar.Gaz kameralarda öldürilen adamlar soňra ýakylypdy we külleri oba hojalyk ýerlerine dökün hökmünde ulanylypdyr.Mundan başga-da tussaglaryň üstünde dürli tejribeler geçirilýär. Umumy konslagerlerde 18 mln tussagdan 12 mln tussag öldürilendigi bellenýär. Mundan başga-da 2-nji jahan urşynyň dowamynda 60 milliona golaýa adam ölan diýip hasaplanýar. Emma doly maglumatlar henizem ýok. Ilkinji atom bombasyny Amerikanyň öndürendigi bellensede atom bombasyny döretmek üçin ilkinji synanşyklar nemes alymlary tarapyndan geçirilýär. Ýöne faşistlere garşy we beýleki köp sanly nemes alymlarynyň ýurtdan gaçmagy, kowulmagy netijesinde olar bu wagşy ýaragy ýasap bilmeýärler. Eger bu ýarag nemesleriň eline düşen bolsa onda nämeleriň boljakdygyny bir Alla bilýär. Başgada olaryň eden wagşylyklaryny sanasaň sanabermeli. Taryhda eden ýalňyşlyklary sebäpli nemesler öz adyny taryha ganly harplar bilen ýazdyrdylar. Ýene bir fakt: häzirki döwürdäki rus-ukrain wakalaryna hem nemesler ukarina tarapda durup , taryhy gaýtalamkçy bolýarlar. Olar taryhdan gowy netje çykaryp bimedik bolarly.


II. Ýaponlar




Ýaponlar hem edil Nemesler ýaly XX asyrda basyp alan ýerlerinde wagşylyklary edipdirler. Ýöne olaryň nemeslerden tapawutly tarapy olar öz halkyny hem rehimsizlerçe gyrypdyrlar. Nemesler atom bomba arzuw etse. Ýaponlar duşmany gyrmak üçin zaherli biologik ýarag döretmekçi boluldyrlar.
Ýaponiýaly harby lukman, baryp ýatan milletçi we imperatoryň janköýeri Hiru Işi ýewropa syýahaty netijesinde biologik ýarag döretmek tejribesini öwrenýär. Ýeri gelende bellesek, ýewropada biologiki ýarag gadan bolupdyr. Emma ýaş milletçi alym bu ýarag bilen duşmany gyrmak iň gowy usul diýip hasaplaýar we ýaponiýada bu ugurda lobbiçilige başlaýar. Tiz wagtda ol bu işe köp sanly sponsrlary tapýar. Bu işiň esasy tarapdary harby ministri boldy. Tiz wagtda onuň abraýy göterilýär we dünýädäki iň wagşy, adamlaryň üstünde tejribe geçirilýän 731-nji otraýdyň (maýor dereje bilen) baştutany edip bellenýär. Ol köp harby ýesirleri we parahat ilaty öldüreni üçin wezipe we derejelere göterilýär. 731-nji laborotoriýa otrýadynda adamlaryň üstünde akyla sygmajak tejribeler: bedenden gany bütinleý çykarmak, agzalaryny kesmek, kesel ýokuşdyryp onuň täsirini görmek, açlyga näçe gün çydap bilşini anyklamak, sowuga, yssa çydap bilijiligini anyklamak, adam agzalaryny diriligine kesmek, adamy wakuma salyp howany çykarmak, bombalaryň näçe metrden täsir edýänini bilmek üçin adamlary janly nyşan hökmünde ulanmak, adamy diri ýakmak, bedene haýwanlaryň ganyny göýbermek, birnäçe gün başaşak asyp goýmak, üstüne agyr zatlar goýmak we başgada dile alyp bolmajak barlaglar geçirilýär. Barlaglaryň soňy hemişe ölüm bilen tamamlanypdyr. Käbir alymlar adamyň içki agzalaryny görmek niýeti bilen hem adamlary diriligine kesip içki organlaryny görüpdirler. Nemeslerden tapawutlylykda ýaponlar anyk milleti dä-lde eýsem, partizanlary, jenaýatçylar, öýsüzleri, harby tussagar, polisiýa tarapyndan tutulanlar we parahat ilatdan hem barlag üçin getiripdirler. Olaryň içinde aýallar, çagalar, garrylar hem bolan. Käbir alymlaryň niýeti anyk bir zady anyklamak däl-de ýönekeý gyzyklanma üçin müňlerçe adamlary pida edýärler. Bir tussagyň ortaça ömri 2 aýa ýetipdir. Bu ýerde olar güýçli täsir edýän wirusyň üstünde işläpdirler. Olaryň biýeti duşmanyň şäherlerinde epidemiýa döredip, boşan şäherleri aňsatlyk bilen eýelemek bolupdyr. 1939-njy ýylda ýaponlar sowetlere garşy Halhin Gol diýen ýerde barlagdan geçirilmedik biologik ýarag ulanmak üçin derýa zäherli boçkalary taşlaýarlar.


Dowamy bar...
47
304
4982
10 Dekabr 2023
@king_turkmen_006, amerika diýip pikir etýãn menä. Şolardan wagšy millet ýok. Ýokardakylar ýaly aç açan etmeselerem diñe hemme dõwletleri erješdirip ýarag satyp pul kõmek eden bolup barynyñ başyny başlaýan şolar
djmurik
9 Dekabr 2023
Zalymlardan daşda saklawer Beyik Allam.
king_turkmen_006
9 Dekabr 2023
Demirgazyk koreýa bolmagy mumkin
king_turkmen_006
9 Dekabr 2023
Dowamyny goýaýda, üçünji haýsy milletkä?
bagulya
9 Dekabr 2023
Yzynam yazda
arazowa
9 Dekabr 2023
Dowamyna garashyan
lavinya_
9 Dekabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, hawa yadyma düşdi aglap Okan poemamdan biri
lavinya_
9 Dekabr 2023
Su Osvensim eseri kim yazypdy edebiyatdan gecipdik Özä?
tmyigit76
9 Dekabr 2023
@Serwi, Belki ertir.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.