beghanym
09.12.2023 11:13
09.12.2023
Pantone reňk institutynyň bilermenleri “şetdaly tüýjümegi” reňkini 2024-nji ýylyň esasy reňki diýip yglan etdiler. Bu barada Tengri Life habar berýär.

“Şetdaly tüýjümegi” (PeachFuzz) reňki parahatçylygy we asudalygy ýada salýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu reňk ynsan duýgudaşlygyny we arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.

“Biziň durmuşymyzda örän köp dartgynlyklar bolup geçýär, şoňa görä-de, bize rahatlandyryjy reňk gerek” diýip Pantone-niň reňkler boýunça hünärmeni Leatris Eýsman belleýär.

Şetdaly reňkiniň 2024-nji ýylyň ýaz-tomus moda möwsüminiň görkezişlerinde, hususan-da Milanda örän köp gabat gelendigini bellemek gerek.

Pantone-niň hasaplamagyna görä dok gyzyl—melewşe reňk (Viva Magenta) 2023-nji ýylyň esasy reňki bolupdy.

ORIENT news
33
91
paradisem
9 Dekabr 2023
Ay aadaja koynege tikindim el kesde etsem sony geyjek nesip bolsa@beghanym,
paradisem
9 Dekabr 2023
@beghanym, selam genje govumusuñuz
tmyigit76
9 Dekabr 2023
Nežawu :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.