bayramgeldiyewarslan
09.12.2023 08:00
8-nji dekabrda, garagyş gutarandan soň, Türkmenistanda gyş paslynyň uly çille döwri başlanýar. Ol kyrk günläp dowam edýär. Şondan soň ol öz ornuny kiçi çillä berýär.

«Türkmenistan» gazetinde ýerleşdirilen habarda bellenilişi ýaly, uly çille döwri köp güni öz içine alýandygy sebäpli, gyşyň örküji hasaplanýar. Hut şonuň üçin-de, ata-babalarymyz bu döwre aýratyn taýýarlyk görüpdirler. Öri meýdanlaryndaky ot-çöpler doňup duransoň, oňa mallar agyz ursa-da, işdämenlik bilen iýip bilmändirler. Şonuň üçin ir bilen mallara ätiýaçlyk ot gorundan berip, Gün ýagşy gyzandan soňra, mallary aýagyny ýazsyn diýip örä çykarypdyrlar. Bu ýagdaý gar ýagyp, otlaryň üstüni örtende-de dowam etdirilipdir. Şundan görnüşi ýaly, uly çillede ýagan gar ýa-da doňakçylyk maldarlar üçin käbir kynçylyklary döretse-de, ata-babalarymyz bu döwürde ýagan garyň peýdaly taraplaryny-da ýatdan çykarmandyrlar. Bu babatda «Çille gary — ýeriň gany», «Çillede suw içen üzüm hiç wagt suwsamaz» diýen ýaly pähimleriň hersiniň uly manysy bar. Aslynda, her bir zadyň öz wagty bar. Wagtynda ýagan gar-ýagyş bereket hasaplanypdyr. «Kiçi çillede bal hem bolsaň damma, uly çillede gan hem bolsaň diňme» diýen pähimem şondan dörän bolsa gerek.
Tebigatdaky ýagdaýlara inçelik bilen syn edýän ildeşlerimiz bu ýyl uly çille döwründe garyň, ýagyş-ýagmyryň ýetik boljakdygyny aýdýarlar. Sebäbi agzy aýazly akrap hem, gyşyň başlangyjy hasaplanýan garagyş hem maýyl geldi we çarwa-da, daýhana-da gyşa taýýarlyk görmäge şert döredi.
18
22
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.