alma___
08.12.2023 08:59
Ola gitdi,bizem galdyk yzynda.
Galanyñ gowymy,galmanyñ gowy!?
Mezheb ýokdygyny dùnýàñ ýùzùnde.
Bileniñ gowymy,bilmàniñ gowy.

Silterlànde ýalançynyñ gòçimi .
Horlan wagty hasratlaryñ hùjimi.
Seýrekleşip barýan tar tar saçyñy.
Ýolanyñ gowymy, ýolmanyñ gowy.

Meñzeş dàldir oýny seniñ oýnyña.
Ùýşip-çaşyp girip gitse goýnyña.
Şol ajaldan utuljagyñy boýnyña.
Alanyñ gowymy, almanyñ gowy.

Bu işlere akyl huşyñ dargadyp.
Pelek geçip gitse atyn segredip.
Òziñden kiçini ilki ugradyp.
Galanyñ gowymy, galmanyñ gowy.

Tagandurdy Hojadow.
26
57
sabyrly
9 Dekabr 2023
@indi, Ýok adalat dål ol yslam dini 4 mezhebe bölünýär ýagny bölüm manysynda Hemmesi bir zady öwretýär aralarynda biraz tapawut bar ýöne
alma___
9 Dekabr 2023
@sabyrly, menà adalat manysynda gòrýàn
sabyrly
8 Dekabr 2023
Mezhep ýokdugyny dunýãñ ýüzünde su setire kan dusunmedim mezhebiñ namedigni bilýãn şahyr name diydika. Gowy goşgy haladym
alma___
8 Dekabr 2023
Ejem ayrylsa nàdip ýaşarkam diýýardim ýaşap ýòrin ejesiz ençe ýyl bàri .Adam başy daşdan gaty
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.