bayramgeldiyewarslan
06.12.2023 19:03
Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki çempiony Konor Makgregor Irlandiýanyň prezident saýlawlaryna gatnaşmak mümkinçiligine seredýändigini aýtdy. Bu barada ol X sosial ulgamynda ýazdy diýip, gazeta.ru habar berýär.

“Eger men dalaş etsem, bolup biljek bäsdeşlik şeýle: Jerri Adam – 78 ýaşly, Berti Ahern – 75 ýaşly, Enda Kenni – 74 ýaşly. Olaryň her biri öz partiýasynyň syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu partiýalar adamlary däl-de, özlerini dolandyrýarlar. Şeýle-de, men bar – 35 ýaşly, ýaş, işjeň, höwesjeň” – diýip, türgen ýazdy.

Irlandiýada indiki saýlawlar 2025-nji ýylda geçiriler, prezident ýedi ýyl möhlet bilen saýlanýar. Ýurduň häzirki prezidenti Maýkl Higginsdir.
35 ýaşly Makgregoryň soňky söweşi UFC 264-de amerikaly Dastin Porýe bilen boldy. Duşuşyk birinji raundda tamamlandy, onuň netijesinde irlandiýalynyň aýagy döwüldi.
2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Makgregoryň oktagona alty aýdan ir gaýdyp gelmejekdigi habar berildi. Türgen doping üçin alty aýlyk synagdan geçmeli, şeýle-de oňa çykyş etmäge rugsat berilmegi üçin iki otrisatel synag tabşyrmaly.
9
15
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.