garjagaz
06.12.2023 09:31
Hekaýa 🤲
Bir gùn kakasy oglunyñ eline tagta beripdir....
Bir gün ogly kakasyndan sorapdyr: Kaka, näme üçin meniñ hiç dostum ýok. Kakasy hem oglunyñ eline bir bölek tagta beripdir. Hem-de: Kimiñ göwnüne degseñ şu tagta bir çüý kak. Oglan haçanda biriniñ göwnüne degse, tagta bir çüý kakdy. Tagtada indi çüý kakmaga yer galmady. Ogly kakasyna tagtany getirip berdi. Kakasy oglundan tagta kakan çüýlerini sogurmagyny aytdy. Ogly bir-birden çüýleri aýyrdy. Kakasy tagtany eline alyp ogluna görkezdi: Tagta seret oglum, nâme görýâñ? Ogly: Aýyran çüýlerimiñ yzyny görýân. Kakasy: Oglum, indi düşündireyin, haçanda birniñ göwnüne degseñ, ondan soñam ondam ötünç sorasañ bilki, ol kişi bagyşlar, ýöne öñküsi ýaly bolmaz. Görşüñ yaly çüýi sogursañam tagta-da yzy galýar. Ynsanyñ kalby hem edil şonuñ yalydyr. Bagyşla diyip çüýi sogurarsyñ, emme kalbynda çüýüñ yzy halar. Ýa-da oglum, küýzâni ýere zyñsañ kicijik bölejiklere bölüner. Onuñ böleklerini kileý bn birleşdirip bilersiñmi? Şonuñ ücin birniñ göwnüni ýykmak kâbani ýykmakdanam agyr günâdir ýatdan çykarmagyn.
27
95
4355
6 Dekabr 2023
🙏👍
0401
6 Dekabr 2023
👍🏻
maysaska
6 Dekabr 2023
Dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.