Kenno_Tabi
05.12.2023 18:50

—Sen olary görýäňmi çyndanam?

—"Görýäňmi?" diýmesene. Seret olaryň biri meň huzuryma gelip dur-a

—Aý, goý-a...

—Howwa. Saňa salam berýär "tektonik däns" stilinde.

—Salamany alanymy meniňem onuň özüne-de salam aýdýanymy "kakgynlyň hereketleri" bilen terjime edip goýbersene kyn görmänjik.

—Oňa terjime gerek däl. Ol düşündi. "Ýuwunaňda aýdym aýtma" diýýär saňa. Ukularyndan oýarýarmyşyň... şu wagt seň ýüzüň gyzylyny bir köçe itiniň-ä bir ýerine meňzedendigini aýtdy.

—Şu gün hijem gaharymy getirip bilmersiň. Ýeri onsaň ol seň "huzuryňa" näme üçin gelipdirmiş?

—Toý üçin gelipdir. Körpesini öýerjekmiş.

—Öýerse öýersin ýörsün-dä, saňa näme toýlaryndan?

—Geçen gezekki toýunda bu zaňňar it çapdyrypdyr. Baş baýraga seň jalbaryň bir bölejgini goýan ekenler. Ýene-de şeýle it çapdyryp, edil geçen saparky ýaly "abraýlyrak" baş baýrak goýmak isleýänini aýdýar.

—Toý haçan?

—Şu hepde. Hemişeki gününde.

—Çarşenbe güni men giçlik dokuzdan soň hiç ýere-de çykamok. Hat-da seň "sargan şokolatlaryňy getirmäne-de" çykamok!

—Sen näme şol gürjülerden gorkýaňmy indi?

—"Jemi 17 sany gürji sürüsi" diýjek bolduň öýdýän "gürjüler" diýmek bilen.

—Garaz çykaňokda?

—Çykamok.

—Ol gitdi. Mümkin öýkeländir.

—Sen şolar bilen menem bir tanyşdyrsana.

—Haýsylary bilen tanyşdyraýyn?

—Edil ýaňky bilen. Galanlary bilenem bolsa soň assa-ýuwaş tanyşybererin.

—Ýaňky diýýäniň öz taýpasynyň baştutany. Oň haýyşyny bitirmän goýbereniň gow-a bolmady. Indi tanyşmaýmasa seň bilen.

–Onda indi oň meň bilen işi bolmaz.

–Entek toý gününe çenli 2 gün bar. Belkem ýene geler.

–Men bary birem pikrimi üýtgedemok... Men onda gitdim daşara.

–Gowsy gitme.

–Toýa entek 2 gün bar diýdiň-ä...

–Howwa. Men-ä ýöne aýdaýdym. Ýeke özüm içim gysýar. Belkem bu günem meni utmak islärsiň "Mançestriň" bilen.

–Seň gaçjak ýeriň ýog-a. Gelemsoň utaýaryn şolar ýaly utulmak isleýän bolsaň.

–Bor-da... onda menden salam aýtmagy ýadyňdan çykarma.

–Kime?

–Şol barjak ýeriňde kimler bar bolsa... Sapar, senden öňki otagdaşym barada aýdypdym-a. Duşsaň şoňa salam aýdaý.


...eşitmedi öýdýän...

Men indi seň bilen "şertnamany" ýatyrjak! Bu zatlar gaty agyr. Bul eýýäm 4-nji... haýyş edýän. Sapardan soň maňa azar bermäň. Ýogsa-da başarsaňyz gorkuzmaň. Rahat ukladyň...


© Şyhnazar DURDYÝEW

40
222
okayjy
6 Dekabr 2023
Syrly wakalary gowy görýäñ öýitýän...🤔
alma___
5 Dekabr 2023
🤔🙄
Kenno_Tabi
5 Dekabr 2023
@mawy, şokolad iýesiň gelipdir öýdýän 😁
Kenno_Tabi
5 Dekabr 2023
@mawy, 🤦‍♂️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.