Bir fizikçi alym, älemiň gatlaklarynyň arasynda ýol açdy. Paralel älemler teoriýasy indi diňe bir teoriýa däldi. Ilkinji synagynda kwant ulgamynda habar ibermegi başardy. Garaşýan jogaby, onuň paralel älemdäki nusgasyndan gelipdi. Habar ýönekeýdi: “Dur, synag geçirme!”
Fizik geň galmak bilen ekrana seretdi. Bu duýduryş näme üçin durmalydygny doly düşündirenokdy. Bulaşyklykda, eksperimenti gaýtalamagy ýüregine düwdi. Emma bu gezek enjam birden saklandy, ekran gara boldy. Soň bolsa düýbünden garaşylmadyk bir zat boldy. Laboratoriýanyň gapysy açyldy we özüne meňzeýän birini gördi.
©Baýramgylyç SAPARGYLYJOW