1-nji dekabr ─ halkara AIDS- garşy göreş güni. AIDS hakda bilmeli zatlarymyz.
Halk köpçüliginiň arasynda geçen asyryň 80-nji ýylarynda Afrikada döräp, ilki Amerika, soňra Ýewropa, Aziýa ýurtlaryna ýaýran, adam bedenine aralaşandan soň adaty däl immun ýetmezçiliginiň yüze çykmagyna getirýän AlW ýokanjy ─ AIDS barada dürli pikirler bar. Olaryň käbiri ýalňyş bolup, dogry düşündiriş berilmegini talap edýär. Biz bu postumyzda bu ýokanja garşy giň ýaýran ýalňyş pikirlere dogry düşündirişleri bereris.
***
❌ 1-nji ýalňys pikir:
Eger, AIW ýokanjynyň döredýän keseli duş gelmeýän bolsa,onda bu barada gürrüň etmegiň geregi ýok.
✔️ Hakykatda:
Ahli ýurtlaryň arasynda syýasy-ykdysady, söwda-ulag, medeni-ylmy aragatnaşyklar giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýan häzirki döwürde ýokanç kesellere, şol sanda AIW ýokanjynyň döredýän keseline garşy işjeň göreşi giňden ýaýbaňlandyrmak, olaryň köpçülikleýin ýaýramagynyň öňüni almak, olardan goranmagyň ugur-ýollaryny öwrenmek uly ähmiýete eýe bolup durýar. Hut şonuň üçin, dünýä
jemgyýetçiliginiň üns merkezinde saklanylyp, Ýer yklymynyň ilatynyň tagallalaryny birleşdirmegi talap edýän göreşde hiç bir döwlet çetde durmaly däldir.
***
❌ 2-nji ýalňyş pikir:
AlW ýokanjy syrkawdan sagdyn adama howa-damja ýoly bilen hem-de durmuşdaky galtaşyklar arkaly, meselem, elleşilende, bir gapdan nahar iýlende ýa-da näsagyň ulanan käsesinde çaý içilende ýokuşyp bilyär.
✔️ Hakykatda:
AIW yokanjy biologik suwuklyklarda (erkek tohum suwuklygy, aýal jyns agzasyndan bölünip çykmalar, göwüs süýdi, gan) saklanýar. Wirus goragsyz jynsy gatnaşyklar edilende, bedene hapa gan ýa-da onuň önümleri goýberilende, beden agzalary emeli ýagdaýda
oturdylanda, ýagny transplantasiýa edilende, derä ýa-da nemli barda hapa gurallar bilen şikes ýetirilende (saç syrylanda, dyrnaklar taraşlananda, tene iňňe sanjylyp, surat çekilende, halka dakmak maksady bilen gulak ýa-da burun deşilende, diş sogrulanda, şprisler we beýleki sanjym abzallary şärikdeşlikde ulanylanda geçip bilyär. AIW ýokanjynyň ýokuşyp bilýän ýene-de bir ýagdaýy bar: wirusyň ony
göteriji bolup durýan eneden çaga göwrelilik döwründe, doglan
wagtynda ýa-da ene süýdi bilen iýmitlenýän döwründe ýokuşmagy mümkindir. Wirus tüýkülik arkaly ýekeje ýagdaýda: sagdyn adamyň derisinde açyk ýara bar bolanda geçip bilýär. Gujaklaşylanda elleşilende, gürleşilende, bile çaý içilende, ýorgan-düşek, gap-gaç
şärikdeşlikde ulanylanda, bir howadan dem alnanda AlW ýokanjy
ýokuşmaýar.
***
❌ 3-nji ýalňys pikir:
Käbir ýurtlarda AIW ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymy edilýär.
✔️ Hakykatda:
Dünýä alymlary AIDS-e garsy ygtybarly, netijeli, hemmeler üçin
elýeterli waksinany döretmek boýunça yzygiderli iş alyp barýarlar.
***
❌ 4-nji ýalňyş pikir:
AlDS oňa duçar bolan adamlarda başga-da köp sanly keselleriň
döremegine sebäp bolýa.
✔️ Hakykatda:
AIDS başga keselleriň döremegine getirmeýär-de, bedeniň
goraglylygyny peseldip, näsagda öňden bar bolan keselleriň (inçe-kesel, aşgazan-içege näsazlyklary, deri, nerw, ýürek- damar keselleri, täze döremeler) ýüze çykmagyna we ösmegine itergi berýär. Bu keseller «ugurdaş keseller» ýa-da «hemra keseller» diýlip atlandyrylýar.
***
❌ 5-nji ýalňys pikir:
AlW ýokanijynyň döredýän keselini bejerip bolmaýar.
✔️ Hakykatda:
AlW ýokanjy AIDS-iň bejergisinde üstünlikli ulanylýan derman serişdeleri bar. Meselem, antiretrowirus dermanlar AlW ýokanjynyň AlDS-e geçmeginiň öñüni alýar. Olardan başga, keseli gowşadýan, onuň ösüşini bökdeýän, ugurdaş keselleri bejermäge kömek
edýän, syrkawyň ruhy ýagdaýyna oňyn täsir edýän, immun ulgamyny pugtalandyrýan serişdeler bar. Olar bejergide ýokary netje berip, näsagyň ömrüni uzaldýar.
© Ogulnabat Baýramowa,
Ýokanç keselleri merkezi müdirýetiniň milli AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bölüm müdiri.