Imissyou
30.11.2023 00:00
Emeli aň adamzady aladalandyrýar!

Her gün yzygiderli ösýän emeli aň tehnologiýa pudagynda uly öňegidişlik gazanýar. Şol sanda emeli aň özi bilen uly howplary hem döredýär. Alymlar geljekde emeli aňyň kiber jenaýatlaryna, fiziki hüjümlere ýa-da sosial bozulmalara sebäp bolup biljekdigini duýdurýar.

Kiberhowpsuzlyk hünärmenleri emeli aňy nädogry ýagdaýda ulanylanda ýetirip biljek howplary barada duýduryş berdiler. Halkara hünärmenler topary AI dizaýnerlerini hyýanatçylykly peýdalanmazlyk üçin has köp iş etmäge çagyrdy.

Emeli aňyň geljekde döredip biljek howplaryny anyklamak boýunça geçirilen gözleglere Angliýanyň Oksford we Kembrij uniwersitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Gözlegiň netijesinde ýazylan hasabatda emeli aňyň gözegçilik astynda saklanylmasa gysga we orta möhletde uly howplary döredip biljekdigi baradaky duýduryşlar bar.

Hasabatda gysga wagtyň içinde emeli aňyň adatdan daşary ukyply zehine eýe bolup, gözegçilikden çykyp biljekdigi duýduryş berilýär. Muňa mysal hökmünde, sürüjisiz awtoulaglaryň bilkastlaýyn heläkçilige sebäp bolup adamzada uly zyýan ýetirip biljekdigi aýdylýar.

Bulardan başga-da emeli aňyň hakyky zatdan tapawudy bolmadyk galp wideo we habarlar bilen köpçüligi dolandyryp biljekdigi mälim edilýär. Çäklendirilmedik hasaplaýyş ukyby bilen emeli aňyň hat-da iň ygtybarly maglumatlary hem aňsatlyk bilen alyp biljekdigi aýdylýar. Emeli aňyň kiber hüjümleri sebäpli şäherleriň infrastrukturasynyň çökmezligi hem mümkin.

Hünärmenler emeli aňyň öwrenmek ukybyna eýe bolandygyny mälim edýärler we ýurtlary zerur howpsuzlyk çäreleri görmäge çagyrýarlar. Hökümetler bu mesele boýunça bilelikde işlemese, bu we beýleki näbelli howplaryň hakyky bolup biljekdigi şübhesizdir.
30
96
yasyl
30 Noýabr 2023
@yasyl, 🤷🤷🤷🤷
yasyl
30 Noýabr 2023
Emeli aň menem aladalandyrdy
serdarowna
30 Noýabr 2023
Bir mollum tehnologiýa beýle össe ol biziň däl biz onuň elinde işlemeli bolarys diýipdi. Çyndanam şeýle bolarow. Olar indi öwrenibem bilýän bolsa🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.