Imissyou
29.11.2023 13:44
Türkmenleriň milli senenamasyna görä gara gyş döwri başlady

Türkmenleriň milli ýyl senenamasyna nazar aýlasaň, ata-babalarymyz gyş paslyny dörde bölüpdirler. Akrabyň gutarmagy bilen howanyň sowamagy gara gyşyň gelendigini mälim edýär. Gara gyş noýabr aýynyň 23-inden başlap 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Türkmen halkynyň baý döredijilik mirasyna nazar aýlasaň, her bir tebigy hadysalary öz parasatly pähimlerinde beýan edip, soňky nesillere miras goýupdyrlar. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýilmeginiň hem uly manysy bar.
Gyş paslynyň başlangyjy hasaplanýan garagyşda tebigatda bolup geçýän käbir ýagdaýlary synlap, ata-babalarymyz gyşyň nähili geljegini anyklapdyrlar. Meselem, gyşlamaga giren garynjalaryň hininiň agzyna köp gum üýşürmegi aýazly gyşa yşarat hasaplanypdyr. Meýdanlarda şemalyň ugruna uçuşyp, gaýyp ýören kereplere gözüň düşse, onda gyşyň gurak hem sowuk geljekligidir. Edil şu döwürde bize demirgazykdan gara gargalar, zakyjalar köp gelip başlasalar we gijelerine uly daragtlaryň üstüne gonup, gowur turuzsalar, munuň özi sowuk günleriň golaýdadygyna ýorulýar.
Garagyş – çolukdyr çopanyň synag döwri. Garagyşa çenli hemme hasyllar ýygnalyp gutarylýar, ýerler şüdügärlenip goýulýar. Bu döwürde galyň garyň düşýän wagtlaram seýrek bolmaýar. Türkmenistanyň hemme ýerinde howanyň we topragyň üstüniň sowuklygy nol derejeden aşakda bolýar.
Garagyş güýz we gyş pasyllarynyň arasyndaky gysga wagtlaýyn 15 günlük geçiş döwri diýsek ýalňyşmarys. Ol gyş bilen ýazyň arasyndaky alabahar sözi bilen asyldaşdyr.
27
55
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.