Imissyou
29.11.2023 06:29
Telbe boldum, indi halym harapdyr,
Eý, agalar, meni şol ýar öldürdi;
Müşk alyban käkillerin darapdyr,
Jan agalar, meni şol ýar öldürdi.

Boýnuna gol salsaň barly, semerli,
Altyn-kümüş tamam endamy zerli,
Lagly-ýakut gerdeninde, tumarly,
Eý, agalar, meni şol ýar öldürdi.

Arzuw edip, aý jemalyn görmeli,
Ýüzde gülap, gözi-gaşy sürmeli,
Bir peridir, saçy sekiz örmeli,
Jan agalar, meni şol ýar öldürdi.

Kemine diýr, tagt üstünde jaýydyr,
Derýa düri, asman kuýaş-aýydyr,
Gyzlar hany, gözelleriň şaýydyr,
Jan agalar, meni şol ýar öldürdi.
22
48
yasyl
29 Noýabr 2023
@0878, bolup biler mnokuwa baryan hoşgelemson hb
yasyl
29 Noýabr 2023
@0878, aytma yone gawy gosgy🤣🤣🤣
yasyl
29 Noýabr 2023
Gaty yakypdyr oytyan🔥🔥🔥
serdarowna
29 Noýabr 2023
Mämmetweli Kemine
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.