Kimligiňe, näme isleýändigiňe garamazdan, bir zady ýürekden isleseň sen şoňa hem ýetersiň. Esasy zat ýürekden islemekdir we hereket etmekdir.
Ol ülkäniň meşhur suratkeşlerinden hasaplansa-da, öz döreden eserlerinden göwni suw içenokdy. Bir gün ol özüniň «iň gowy eserini» döretmegi ýüregne düwdi. Ýöne ençe günläp çekjek suraty barada oýlansa-da, kellesine hiç bir ajaýyp pikir gelmedi. Gözleýänini tapjak bolup, ýeke özi telbe ýaly obanyň çetinde aýlanyp ýörkä, öňünden çykan bir gojadan:
— Dünýäde iň gowy zadyň suratyny çekmekçi bolýaryn. Emma näme çekjegimi bilemok. Maňa kömek edip bilersiňizmi? — diýip sorapdyr.
Goja suratkeşe garap:
— Dünýäniň iň gowy zady ynamdyr. Ynamsyz ýaşap bolmaz, oglum! — diýip jogap beripdir. Suratkeş ýola rowana bolupdyr. Şäherde Bagt köşgünden çykyp gelýän ýaş çatynjalara duşupdyr. Olardan hem:
— Siziň pikiriňizçe, dünýäde iň gowy zat näme? — diýip sorapdyr.
Gelin adamsyna mähirli garap:
— Söýgi. Söýgi garyplygy baýlyga, gözýaşlary ýylgyrşa öwürýär — diýip jogap beripdir.
Suratkeş eşidenleri barada oýa batyp gelýärkä, ýolda bir esgere gabat gelipdir. Suratkeş oňa-da bu sowal bilen ýüzlenipdir. Köp hupbatlary başyndan geçiren esger ikirjiňlenmän:
— Dünýäniň iň gowy zady asudalyk we parahatçylykdyr. Iň erbet zady bolsa uruşdyr. Parahatçylygyň bar ýerinde gowulyk hem bardyr — diýip jogap beripdir.
Suratkeş:
— Ynam, söýgi, asudalyk we parahatçylyk. Men bulary nädip bir suratda ýerleşdirsemkäm? — diýip, öýüne gaýdypdyr.
Haçan-da ol öýüne gelip, gapyny açyp içeri girende, dünýädäki iň gowy zadyň nämedigini bilip galypdyr.
«Kaka jan» diýip, gujagyna dolan gyzynyň gözündäki ynamy görüp, beýik Taňra ýüzde müň şükür edipdir. «Hoş geldiň!» diýen aýalynyň didelerindäki nurly söýginiň şöhlesi onuň kalbyny ýyladypdyr. Ojagynyň asudalygyna hem-de parahatçylygyna buýsanypdyr.
Ol derrew reňklerine ýapyşypdyr. Az salymyň içinde «Maşgala» atly ajaýyp surat taýýar bolupdyr. Bu surat onuň arzuw edýän iň gowy suratydy.