Imissyou
29.11.2023 06:36
Ine, ýene birnäçe günden Täze 2024-nji ýyly uly şatlyk-şowhun bilen garşy alarys. Siz hem Täze ýyl baýramçylygyna uly taýýarlyk işlerine başlan bolsaňyz gerek?! Biziň halkymyzda Täze ýyl baýramçylygy maşgala baýramçylygy hasaplanýar. Şol sebäpden hem biz bu baýramçylygy bereketli saçagyň daşyna bütin maşgalamyz jemlenip belleýäris. Dünýä ýurtlarynda-da Täze ýyl güni edilýän dürli adatlara duş gelmek bolýar. Geliň, olaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň.

Ispaniýa: her sekuntda bir üzüm iýmek adaty

Özüne mahsus adatlary bilen dünýä ilatynyň gyzyklanmasyny özüne çekýän ispan halky Täze ýylda hem başga halklaryňkydan tapawutly adata eýedir. Eger siz Täze ýyl baýramçylygynda Ispaniýa gitmekçi bolsaňyz, onda Täze ýyl gijesi sagat 24-den ozal her sagat zaňy kakylanda bir üzüm dänesini iýmeli bolýarsyňyz. Ispanlaryň ynanjyna görä, bu adaty 12 gezek etseňiz we sagat 24-e çenli üzümleri agzyňyzda saklamagy başarsaňyz, bütin ýylyň dowamynda üstünlik siziň hemraňyz bolar. Çünki ispanlarda 12 sany üzüm dänesi ýylyň 12 aýyny alamatlandyrýar.

Hytaý: gapylary gyzyl reňke boýamak adaty

Hytaý halky bagtyň we şatlygyň simwoly hökmünde Täze ýyl baýramçylygynda gapylaryny gyzyl reňke boýaýarlar. Mundan başga-da, Täze ýyl güni hytaýlylar öýdäki pyçaklary ýaşyryp goýýarlar. Olar munuň sebäbini Täze ýyl güni öýde pyçak bilen bir zat kesilse, geljek ýyl şowsuzlyk bilen geçýär diýip düşündirýärler.

Russiýa: islegler ýazylan kagyzy ýakyp, içmek adaty

Rus halky Täze ýyl güni geljek ýyldan garaşýan ähli isleglerini bir kagyza ýazyp, ony ýakýarlar. Ýakylan kagyzyň küllerini bolsa, içgä goşup, Täze ýyl girende, has dogrusy, ýarygije sagat 00:01-de içýärler.

Çehiýa: almany ikä bölmek adaty

Çehler Täze ýyl güni bazardan alma satyn alyp, şol almalary ortasyndan deň ikä bölýärler. Olar Täze ýylyň şowly boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny şol almalaryň çigitlerine seredip, pal atýarlar.

Danimarka: gapynyň öňüne döwlen tabaklary goýmak adaty

Danimarkalylar 31-nji dekabrdan öň ähli ulanmaýan tabaklaryny gapynyň öňünde goýýarlar. Bu adat olarda Täze ýylyň bereket getirmegi üçin edilýär.

Gresiýa: gapa sogan asmak adaty

Grekler Täze ýyl güni gapylarynda sogan asýarlar. Hatda maşgalalar Täze ýyl güni öz çagalarynyň kellesine sogan bilen urup, olary oýarýarlar. Sogan grekler üçin gaýtadan dogulmagyň simwolydyr.

Türkiýe: gapynyň öňüne duz dökmek adaty

Türkler Täze ýyl güni gapylarynyň öňüne duz dökýärler. Bu adat olarda ýylyň bereketli gelmegini isleýändikleriniň alamaty bolup durýar.

Şwesariýa: ýere buzgaýmak zyňmak adaty

Şwesariýa şokoladyň watany hasaplanýar. Bu ýurtda Täze ýyl güni ýere bir top buzgaýmak zyňylýar. Munuň sebäbi ýere zyňlan şol top buzgaýmak Täze ýylda bolluk we bereket getirýändigine ynanylmagydyr.

Rumyniýa: sygyrlar bilen aragatnaşyga geçmek adaty

Rumyniýanyň ilatynyň esasy bölegi maldarçylyk bilen meşgullanýar. Şol sebäpden hem olar Täze ýyl girmezinden ozal sygyrlar bilen aragatnaşyga geçýärler. Olar eger muny başarsalar, Täze ýylyk bereketli geljekdigine ynanýarlar. Şuňa meňzeş adat Belgiýada hem bar. Ýagny olar hem sygyrlar bilen aragatnaşyk gurup, olar bilen gürleşip, olara Täze ýyl gutlaglaryny aýdýarlar.

Braziliýa: okeana ak gül zyňmak adaty

Braziliýada her ýyl ilat okeanyň kenaryna ýygnanşyp, okeana ak gül zyňýar. Olar munuň arkasynda duran sebäbi “Deňiz taňrysyna” berilýän bu sowgadyň netijesinde onuň halkyň dileglerini kabul edýändigi bilen düşündirýärler. Şol bir wagtda, braziliýalylar Täze ýyl güni ak eşik geýýärler. Olar şol geýýän ak eşikleriniň Täze ýylda bolup biljek ähli ýamanlyklardan we şowsuzlyklardan goraýandygyna ynanýarlar.

Kanada: buzly suwa çümmek adaty

Gyş howasy örän sowuk bolan Kanadada adamlar Täze ýyl günleri buzly suwda ýüzýärler. Olarda bu adat 1920-nji ýyllardan bäri dowam edip gelýär.

Estoniýa: şowly sanlarça nahar iýmek adaty

Estoniýalylar 7, 9 we 12 sanlaryny şowly hasaplaýarlar. Şol sebäpden hem Täze ýyl güni şonça gezek nahar iýýärler. Olaryň beýle etmekleriniň sebäbi şol gün olar şonça nahary iýmegi başarsalar, Täze ýylyň olar üçin şowly boljakdygyna ynanýarlar.

Awstriýa: doňuz mowzukly sowgatlar bermek adaty

Awstriýalylar doňzy şowlulygyň simwoly hökmünde kabul edýärler. Şu sebäpden hem, awstriýalylar Täze ýyly bir-birlerine doňzuň şekiljikleri çyzylan sowgatlar berip gutlaýarlar. Munuň ýaly sowgatlar, esasan, şokolad, köke we ş.m. süýjülikler bolýar. Şeýle hem şol gün Täze ýyl saçagynda doňuz etinden taýýarlanan naharlar goýulýar.

Ermenistan: ýörite çörek bişirmek adaty

Ermenistanda Täze ýyl güni şol gün üçin ýörite çörek bişirilýär. Olar bişirilen çöregiň Täze ýylda bereket getirjekdigine we edilen ähli dilegleriň amala aşmagyna ýardam berjekdigine ynanýarlar.

Ýaponiýa: ybadathanalarda 108 gezek zaň çalmak adaty

Ýaponiýada buddizmden gelýän yrym-ynançlara görä, arassalygyň we şypanyň hatyrasyna ýurduň ähli ybadathanalarynda Täze ýyl güni 108 gezek zaň çalynýar. Olar şeýle hem Täze ýyla girilýärkä ýylgyrmagyň hem şowlulyk we şatlyk getirjekdigini aýdýarlar.

Meksika: öýi dürli reňkler bilen bezemek adaty

Meksikalylar Täze ýyl baýramçylygy ýakynlaşanda öýlerini dürli reňkler bilen bezemäge başlaýarlar. Bu adatyň aşagynda şeýle sebäp ýatyr, ýagny reňkler Täze ýyldan edilýän umydy alamatlandyrýar. Meselem, gyzyl reňk – söýgini, sary reňk – işi, ýaşyl reňk bolsa – puly alamatlandyrýar.

Filippinler:
Täze ýyl güni tegelek şekilli zatlary iýmek adaty

Filippinlerde bar bolan bu adat bütinleý maddy islege baglydyr. Olar Täze ýyl saçagynda diňe tegelek görnüşli iýmitleri goýmagyň Täze ýylda baýlyk getirjekdigine ynanýarlar. Olarda tegelek iýmitler teňňeleri aňladýar.



Mähribanlar täze 2024-nji ýyl rysga bereket getirsin, janyňyz sag başyňyz dik bolsun, maşgalaňyzda agzybirlik höküm sürsün!


@IMISSYOU
 
53
1 350
yasyl
29 Noýabr 2023
@Karaleva_, nira gitmelii
yasyl
29 Noýabr 2023
@Imissyou, men bilemoga ony
yasyl
29 Noýabr 2023
@Karaleva_, borda menem ukymy koŵaýyn onno
yasyl
29 Noýabr 2023
@mawy, aytda bol
yasyl
29 Noýabr 2023
@Karaleva_, mna yatyp baryan
yasyl
29 Noýabr 2023
@mawy, o name
yasyl
29 Noýabr 2023
@mawy, 3 4 6 mn
yasyl
29 Noýabr 2023
@mawy, bilyan diydiler ozaa
yasyl
29 Noýabr 2023
@Imissyou, gou zat bolsa dimen
yasyl
29 Noýabr 2023
@Karaleva_, 3 4 6 nmay
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.