Satyjy, täze getiren sport aýakgaplaryny dükanyñ öñindäki aýnasyna düzüşdirip duran wagty köçedäki çagajyk ony synlaýardy.
Gyşyñ başlanmagyna az wagt galany üçin, täze aýakgaplara isleg ulydy. Dogrysy bu aýakgaplar añyrbaşy bolmasada, kiçi bir dükan üçin ýeterlikdi. Aýakgaplaryñ iñ owadanlaryny dükanyñ öñki aýnasyna goýulandygy üçin, çagajyk dükana hasam ýakynlaşdy. Ýöne çagajygyñ bir elinde pişek* ( *Aýagy maýyplaryñ göterýän hasasy) bardy we agyrlyk bilen oñ üstinden basýardy.
Satyjy oña ýene bir gezek göz aýlady. Üstindäki balagynyñ çep tarapy, dyzdan aşagy boşdy. Şonuñ üçin hem balagyñ o bölegi şemala görä öwsüp durdy. Çagajygyñ seretýän aýakgaplary, ony gaty özine çekipdi. Ol bir salym, aýakgaplara seredip durdy. Eden gowy arzuwlaryndan soñ, özini ele aldy, we ýuwaşlyk bilen ýolyna dowam edip başlanda, satyjy dükandan ylgap çykdy :
- Heý jigim ! diýip seslendi. Aýakgap almak isläñokmy ? Bu ýylky modeller gaty owadan !.
Çagajyk, oña tarap öwürlip :
- Çyndanam gaty owadan ekenler! diýip öziniñ hem halandygyny bildirdi. Ýöne meniñ bir aýagym doguşdan kem.
- Meñ pikrimçe bu möhüm däl. Bu dünýäde dokuzy düzüw adam ýok ahyry. Kimleriñ elleri ýok, kimleriñ aýaklary. Kimleriñ bolsa akly ýada imany.
Çagajyk hiç zat gürlänokdy. Satyjy bolsa gürlemegine dowam etdi:
- Käşgä Imanymyz kem bolandan, bir aýagmyz kem bolsady.
Çagajygyñ kellesi biraz bulaşdy we oña tarap ýakynlap:
- Düşinmedim?, diýdi. Näme üçin beýle bolmaly ?
- Gaty ýönekeý !, diýdi satyjy. Eger imanymyz ýok bolsa jennete girip bilmeris. Ýöne aýagyñ ýok bolsa bu mesele däl. Barybir o ýerde hemme kemçiliklermiz düzeler. Hatda maýyp adamlar, sagat adamlar garanyñda ol ýerde hasam eziz göriler... Bu sözler çagajygy çalaja ýylgyrtdy. Bu güne çenli çeken azaplary, biraz ýeñlän ýaly boldy.
Satyjy, dükana tarap yşarat edip :
- Synlan aýakgabyñ saña gelişer !, diýdi. Barlap görmek islärmiñ ?
Çagajyk, kellesini ýaýkap :
- Üstinde 30 manat diýip ýazylgy ahyryn. Almagym müñkin däl !
- Arzanladyş sezonyny seniñ üçin irräkden başladaýaryn. Bu ýagdaýda hem baha 20 manat bolar. Sen barybir bir taýyny alarsyñ, olam 10 manat bolar.
Çagajyk biraz pikirlenip :
Aýakgabyñ beýleki taýy, saña zyýana düşer ahyryn ! Ony kim satyn alsyn ?
- Aý senemä, ýaman uzaltdyñaý muny, diýip satyjy güldi. Onam sag aýagy kem, bolan bir çaga satarn.
Bu sözler çagajygyñ aklyna ýatypdy. Satyjy, dowam etdi :
- Onsañam sen okuwçy dälmi ? diýip sorady.
- Ikinji klasa gitýän ! diýip seslendi çagajyk. Üçe geçmeli diýseñem boljak.
- Boldy-da onda !, diýdi satyjy. 5 manat hem okuwçy bolanyñ üçina arzanlatsak, galýa 5 manat. Olam söwdañ başyny başlanyñ üçin, söwdañ paýy. Bu ýagdaýda hem aýakgaby seniñki bolýa, satdym gitdi !..
Satyjy, dükana girdi. Içerdäki stollarda onyñ halan modellerinden dolydy, ýöne satyjy aýanañ öñindäki goýulan aýakgaby alyp çykdy. Bir otyrgyç alyp geleninden soñ, otyryp çagajygyñ täze aýakgabyny geýdirdi we çykaran köne aýakgabyny görkezip :
- Menä söwdamy tamamladym !, diýdi. Senem muny maña satsaña gowa bolardy.
- Oýun etýäñmi ?, diýip çagajyk sakawlady. Onyñ aşgy deşiljek bolup dur. Köne aýakgabam bir satyn alynarmy ?
- Sen gaty ýaş bolýan ekeniñow dostym ! Seniñ antika harytlardan habaryñ ýok öýitýän. Bir antika näçe köne bolsa, şonça hem köp pul ýasaýar. Şonuñ üçinem señ bu aýakgabyñ, iñ bolmanda 30 - 40 manat ýasar.
Çagajyk, yzly-yzyna bolýan zatlara geñ galmakdan özine gelip bilenokdy. Hökmany ýagdaýda bir düýşde bolmalydy. Hatda ömründäki iñ owadan düýşde. Satyjynyñ, tolgynmakdan ýaña derleýän eline gysdyran kagyz pullaryna göz atandan soñra, 10 manatlyk kagyzy yzyna uzadyp :
- Meniñ üçin 20 manat ýeterlik. Arzanladyş sezonyny başladanñyz üçin...
Satyjy ony ynjytmazlyk üçin puly aldy we onyñ başyny sypady. Näme sebäpdendigini bilenok ýöne, içi-içine syganokdy. Eger bütin harydyny bir günde satan bolsada, özini beýle bagytly duýmazdy.
Çagajy, ýuwaşlyk bilen ýerinde galdy. Göräýmäne indi oña pişek gerek däl ýalydy. Gyzgynjak ýylgyryş bilen satyja sagbolsun aýytdy:
- Kakam dogry aýtýan eken !, diýdi. "Maýyp bolanyñ üçin, gynanmagyña gerek ýok !" diýipdi.
📌 Söz ýalñyşy bar bolsa bagyşlañ !
📝 Türk dilinden terjime eden :
@Okayjy