BagtyýarGeldiýew
14.04.2020 23:28
Haçanlardyr bir wagt ýadyňa dūşūp
Dūýşleriňe talaň salsam eger-de.
Dañ şemalyň nalyşyna gulak sal,
Ýöne men diýp galmaweri elemde!

Ezizlänim, sen şeýlebir ūýtgediñ,
Hatda boýna alasyñam gelenok.
Ho:l öñküje aýdan şirin sözleriñ,
Soñky döwūr gulagyma degenok.

Ýa-da menden göwūn-kine etdiñmi,
Söýgiñ ezýetini ataryp başa.
Ýa isleýän menziliñe ýetdiñmi,
Goýup meni hasrat atly gözýaşa…

Mūmkin, kalbyñ özgededir owaldan
Hak söýgi ýokduram, asla-egerem.
(Bagtyñ şerbetinden ganmadyk kalbym
Seni ykbal synaýandyr megerem?!)

Saña kyn däl durmuş atly hekaýa
Çūnki sen owaldan söýmändiñ meni.
A men bolsa gözūm dikip ýoluña
Sen diýip alýardym, bu janda demi,
Bu gùn bolsa gamly bakyp ykbala
Älemden göraýjek bolýan täleýim,
Yrsaraýyp hatda deñi-duşumdan
Damagymda tegek boldy yşk meýim…

…Gūnleriñ bir gūni ýadyña dūşūp,
Dūýşleriñe talañ salsam eger-de,
Oýla meni az pursatlyk bolsa-da,
Ýöne men diýp galmaweri elemde!
7
269
gulshatayewa97
15 Aprel 2020
Çünki sen owaldan söýmändiň meni...
Aycicek
15 Aprel 2020
Diyseň gowy?gosgy eken
Karaleva
14 Aprel 2020
gowy?
Paradise
14 Aprel 2020
Gowy gosgy??
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.