ezizhan_hallyyew
27.11.2023 09:35
ÝIGRENJI ETME








Kadyr alla dileg etýän gol serip
Meni ýakynlarma ýigrenji etme!
Bu agyr ahwala bilmen döz gelip
Meni ýakynlarma ýigernji etme!


Şükür hossarlarymy berdiň merdinden
Paýlaşarlar ýükim alyp gerdenden
Ejizlesem hassalygyň derdinden
Meni ýakynlarma ýigrenji etme!


Ýalňyşsam goý igenseler igensin
Ýigrenji bolmakdan ajal ir gelsin
Ýigrensede meni ýatlar ýigrensin
Ýöne ýakynlarma ýigrenji etme!


Berjaý edip bilmän parzyn, sünnetin,
Saglygyň bolmasa bolmaz gymmatyň
Görkezmäwer,maşgalamyň minnetin
Meni ýakynlarma ýigrenji etme!


Maşgalam sag bolsa meň janym sagdyr
Her kim öz öýünde töredir,begdir
Ýigrenji bolandan ölenim ýegdir
Meni ýakynlarma ýigrenji etme!


Uça bilmen ir gyryldy ýelegim
Öz göwrämi götermez öz bilegim
Eý biribar senden birje dilegim
MENI ÝAKYNLARMA ÝIGRENJI ETME!
31
67
angelface
27 Noýabr 2023
@ezizhan_hallyyew, namejik etyan ☺️
sabyrly
27 Noýabr 2023
Goşgyñ awtory Maksat Şakirow bolmaly şu oglany ýakyndan daşdan tanaýan ýokmy hökman gerekdi tanasañyz habar edäýiñdä
angelface
27 Noýabr 2023
Salam govmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.