yurek
27.11.2023 09:20
Sol gunun ertesi men Gun gornerne mahetdel esejigimi gaññalap, bir amady bolonda enemin gozine sap atyp, oydakilere syr bermezden gonsy obadaky giyewin usdune yoris etmage tayynlandym.Gun cykyp duranam bolsa howanyn cigregi bardy.Penjegimin usdunden geyen gupbimin jubuleri dasdan doly,tummerlip durlar.Hany bir gonsy oba yeteyin,onson bu daslaryñ onunde giyew dursun!Bu daslary men duyn ar almaga gitmegi yuregime duwemden soñ gayramyzdaky dasly yola gidip,sol yerden saylap alypdym.Hic kime gorunmayin diyip ,yerin pessi bilen uly yola cykanymam soldy welin, ine, jigim Babageldem bir yerden "Gyg-gyg" diyip " dortyuzlik" welosipedin bir tekerini onune salyp surup- kowalap geldi.Ine sana gerek bolsa!Mena su goraymesin diyip kowejeklap,owrum edip,sundan gacyp baryan bu-da onumden cykyar.Soñam hut sol onki pikir edisim yaly hem boldy-da.

Tigrini gapdala taslap "menem" diydi." Yok " diysena boljak dal,cabalanyp turuzjak bir gohy.Onson hic yere gitmejegin bes-belli.Nadeyin elimin uzadyp elinden tutup ayagymyn daraklygyna basgancak edip basdyryp ,onam yuzugra esegiñ syrtyna gondurdym.Yogsam enem dagy duysa asla goyweryami na bu yola meni.

Barmaly yerine ugrugan dasly yolun gyrasyndaky gumak yol bilen dikgirdap baryar.Babageldi diysim yaly, esekden yykylmazlyk ucin, geyen gupbimiñ dasyndan gujaklap,esegiñ syrtynda arkama yaplanybraga-da otyr. Yolda men ona bu gezek doganlarymyzynka onkuler yaly enemin ugradan bir zatlaryny dadyrmaga ya-da haysydyr bir yetirilmeli hawary yetirmage dalde ar almaga baryanymyzy, jubimdaki daslary gorkezip dusundurdim,baranymyzda giyewlerin oyune atyp salayar yaly ona hem oz daslarymyñ iki sanysyny berdim.Babageldi nira baryanymyzy bilenson dessine ol oz dusmanyny yatlady :"Soloryn cal horazlaram bardyr, men sonam urjak" Cal horaz...ol sol Babageldi enem bilen doganlarymyzynka gezmage baranymyzda onun usdune zyñan horaz bolmaly.Gorkuzany ucin inim ondan oñem ahmyrlydy.

Men sondan son inimiñ hem ar almak howesiniñ ozimiñkiden pes daldigine dusundum.Yurekdes yoldas bolonda adam ozini onkudenem guycli duyyar ekeni.


Gun bolsa depede bulutlaryn aradyna girip- cykyp yor.Biraz yorelensoñ yalazy meydanyñ birneme cigreginiñ barlygy duyuldy.Yone bizi " ar almak" maksadymyz biraz yylydyardy.Barmaly obamyz biraz usanimiz ucin onkusinden biraz das yaly bolup gorundi .Biz ahyr gunortanyn ôñ yanlary az yorap kop yorap oz gelmeli yerimize gelip yetdik.Giyewlerin gapysynda esegimizi keserdip durus.Giyew cykaysa,das yagdyrjak,yone wagty bilen oyden cykan adam bolmady.Gorsel, gapylarynda ullakan bir gulpam asylgy dur.Górà nesibani.Oloryn gapyny gulplap bir yere gideni belli boldy.Sol barmana bizin sesimizi esip, bir saryyagyzdan gelen inedordul adam gonsy oyden yaykanyp cykdy.

Gozuni suzgenekledip"Bular kim boldugykan?" diyip dikanlady.Jigim onu giyewdir oydup,elindaki dasy atyp salmak ucin oturan yerinden gozganjyrady .Óñ geplesisimiz yaly doganymyzyñ gownune degen giyew gorundigi biz ona yerli yerden das yagdyrmalydyk.Yone jigimin eli biraz galsada onun dasly juda usan yumrugy acylmady.Onyanca sary adam golay gelip,bize yuzlendi" Ey gigitler siz Nazar aganyñ ogullarymy?" diydi.
Ol biziñ kimligimizi yany doganymyzyn adyny tutup gygyranymyzdan cen eden bolmaly.
-----Hawa
-----Nazar aganyn ogullary bolsanyz gaty gowu,hany atdan dusuñ ozunizem usapsiniz oye girip yylynyñ, myhman bolup gidiñ!Bibi ejeniz dagam yokdur! olor su gun irden togalaklar topbagy bilen diyleni bolsup, saherdaki gyzlary gelin edinyar sona gitdiler.Toyy sowmanam gelmeseler gerek.

Men kan uns bermandirinem welin,Babagelda gaty usan ekeni gorsem onun dodaklary titir titir edyar.Yany gelyarka yensamde bir sakyrdy bardy welin,men inim ellerindaki daslary sakyrdadyp,ozuni oba yetenimizden,sonku boljak sowese tayynlayandyr,dis gyjayandyr oydupdim onun bolsa usap, disleri sakgyldayan ekeni.

Bizin Nazar traktorcynyn ogulydygymyzy esidip,hos bolup myhman alan adamyn ady Aky lakamy " sary "ekeni. Biz ona Aky sary diyilyanine "ar alysdan" dolonup gelenimizden son esitdik.Gorup otyrsam ol kakam oz traktory bilen su obada yer surende,Aky sary hem onun yanynda komekci bolup traktor surmani owrenen ekeni.

Aky sary jigimi esegin usdunden goterip alyp, icersine girdi eltibem ony yylyjak pejiñ gapdalynda otyrtdy.Men ondan yenserakde otyrdym.Onson sacak yazyldy onun bizi naharlajagy belli boldy.Bizin onumize tabakda bisirilen heygenek geldi.Aky sary yanymyzda " Alyn iyiñ!" diyip bize iydirip kate bir tabaga elini uzadyp iyenden bolup otyr.Jigimiñem iysinin ugry yok, ol bir elini henizem jubusinden cykarman otyr .Men onun bolsunu gelshiksiz gorup,elini jubusinden cykartdym.Ine su yerdede bizin syrymyz oz ozunden acyldy.

Babageldi biraz yylan elini acan mahaly ol yerde menin beren daslarymyn biri bar ekeni.Men onun haliden bari usan elini acyp bilman otyranyny dine hazir bildim.


Aky sary jigimin ayasyndan cykan dasa seredip,"Bu name?" diyip, atyp salaymaga, amatly das bilen gyzyklananson men ona ar almaga gelenimizi aytmaly boldum.

Meni dinlan Aky sary ilki bir agzyny yokary tutup hezil edip guldi.Ol gulen wagty gozi yasaryp, sary yuzi gyzyl yuze owrulyan ekeni.Son ol gulkusunu gulup gutarman ic girip das cykyp yoren ayalyna gygyrdy.

---Ay heley, ey, soydur horazlaryn birini, oglunam cagyr,kasir kowlap gelsin ,palaw atar!

Namucinligini bilmesemde, men oz sozumin Aky sara yaranlygyny onda ozumize guwanc duygysyny doredenligimizi bildim.Ol bizi yylyndyryp ululara hezzet hormat edilisi yaly,hezzet hormat edip guwanc bilen ugratdy.

Atlanyp doganymyzyn oyunun gapysyna yetenimizde,men yenede bir salym esegi sakladym.Menin sonda atyp salan dasym " tañk" edip oloryn gapysyna degdi. Inim menden mergen ekeni.Onun atan dasy penjira degip, onu kûl-usak etdi.

Bizin gidenimizi bilmeselerem,dolonyp yzymyza gelenimizi welin bada-bat bildiler.


Eysem onca eglenen son syr galarmy diysene?

Aky saryñ suyji diline tagamly palawyna meymirap esli otyran bolsak name.Gelsek enem bilen ejem oyme-oy gonsulara baryp bizi gozlap yoren ekenler.

Bize nira we name ucin gidenimizi boyun almakdan basga alac galmady.

Enem meni diñlap "Su sowukdamy?" diyip sozunin yzyny aydyp bilman hamsygyp,jigimi gujaklap aglady.

Dine birhayukdan biz oye girip, ustki geyimlermizi cykarynyp yylyjak pejiñ gapdalyna gecenimizsoñ enem yenede bizi ey goryan, hemise arkamyzy alyan mahribanymyza owruldi.Soñ bizi mahir bilen gursap gepledi.


Hey bularyn ayazda digdiresip, bolup yorslerini.Otursan -tursañ yadyña dusjek zatmy bu.Arsyz yola gidip namemis.Gorogly bolup,ar alyp gelenmisler. Size ar alyp dalde usap donup gelen cagalar diyerler...Onson " gujumin "dasyna uc mertebe at aylap ondan sary yayyn okunu hem gecirip,nysan goyubam gaytmaly ekeniniz-da...


Enem kayinsede, hunnurdesede indi onun gep saluwynda yanky anyrdan gelen mahalymyz esiden gahar gatysykly alada yok,gayta oma derek,niredendir bir yerlerden gelen garasylmadyk buysanc duyulyar.

Enemin gepinin arasynda Gôrogly begi yatlamagyna, inima bilemok men- a derrew dusundum."Górogly" bizin oyde kop okalyan kitap.Onda Górogly gidip yas wagty agladyp, yennesini alyp giden Arap Reyhandan ar alyp gaydyar.Ol Bibijany atyn syrtyna alanson,Arap Reyhanyn asagynda yatan gujumunin dasyna, turanson gorsun diyip uc mertebe at aylap,gujume ok urup- nysan goyup gaydyar.Bizin ar alsymyz hem eneme sol Góroglynyñ ar alsyny yatladan borly. Gep arasynda yylgyrywam goyweryar.



Soñy.
32
89
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.