Dost diýýäñmi,biz nirede dost bolduk
Meniñ bilen meñzeş geýip gördüñmi
Meni gözläp ýalñyzlyga gidemde
Islemeýän ýerleriñe bardyñmy.
Ýa tutduñmy ýykylamda elimden
Meniñ bilen deñ ýykylyp turduñmy
Ýa-da diñe ýykylanym az görip
Ýere sokmañ hyýalyny gurduñmy.
Ýykylanda arzuwlarymyñ ganaty
Senem göwnüñ ganatyny gyrdyñmy
Köp ýerlerde urulanda ýüzüme
Maña tarap gadamyñy urduñmy.
Köp ýerlerde ýüzüm sallap gaýdamda
Dost gel diýip gujagyñy gerdiñmi
Il gözünde meniñ işim gaýdanda
Iñ bolmanda salamyñy berdiñmi.