Tötänden labоratoriýamda peýda boldym. Wagt we älemler syýahaty adamy ýadadýar elbetde. Gözüm garaňkyrap ýere ýykyldym. Ganymda şeker mukdary pese düşüpdi. Ysgynsyz ellerim bilen diregden ýapyşyp aýaga galdym. Kelläm ýaryljak bolýardy. Labaratoriýamdaky çekmeleri çekip, şekeri agtaryp tapdym. Ählisini bir demde gutardym. Şeker mukdarym kadaly ýagdaýa geldi. Uzak ýyllaryň dowamynda wagt paradokslaryny, neksuslary we parallel älemleri içgin öwrenip gelýärin. Bulary öwrendigimçe wagtyň bir illýuziýadygna, adamlaryň bolsa bu illýuziýa zyndanynyň bendileridigne göz ýetirdim. Biraz bu işlere ara berip dynç alasym geldi. Otagyma geçip ýatdym. Emma eden tejribelerim göz öňümden gidenok. Adamlaryň durmuşyna aralaşyp olaryň iň möhüm pursatlaryny puja çykaryp wagt çyzgysynda paradokslary we neksuslary döretdim. Käbir ugurtapyjy adamlar öz durmuşyny çaltlyk bilen dikeldip ýola goýsa, käbirleri bolsa şanssyzlykdan ruhy çökgünlige sezewar bolýardy. Bulary oýlap ýatyşyma hiç hili ukym gelenokdy.
Bir hepde bäri labaratoriýama baramokdum. Halys bu işlerden gaty ýadapdym. Onsoňam esasy wagt çyzygynda meni "WAGT GORAGÇYLARY" gözleýärdi. Labaratoriýam bolan bu älem bolsa esasy wagt çyzgysyndan daşardaky "EGG 9812 p1" belgili özümiň döreden temporal neksus älemimdi. Bu älemiň ähli kanunlary maňa degişli, islesem bu älemde fizika kanunlary tersine işleýärdi. Bu ýerde howpsuzdym. Iň howply ýer esasy wagt çyzygy bolan "EGG 1" älemi. Bu älem Multiälemiň maňa görä iň gorkuly ýerdi.
Men öz temporal neksus älemimi üç ýüz million ýyl geçmişe düşüp tiktalik balyklaryny gyrmagymdan başlandy. Ýagny men wagt maşynyny oýlap tapyp üç ýüz million ýyl geçmişe düşdüm. Soňra ewolusiýanyň öňüni almak üçin tiktalik balyklaryny gyrdym. Şonda wagt paradoksy netijesinde temporal neksus emele geldi. Ýagny "EGG 9812 p1" älemi. Meniň älemim. Soňra bu älemime Multiälemiň başga bir äleminden jadyny getirdim. Meniň älemimde jadygöýlik kanunlary hem işleýär. Men başgada köp neksuslar döretdim. Bu işlerim Jeýkob Kýort atly "wagt goragçysy"-nyň gözüne düşdi. Ol Multiälemiň ähli älemlerinde meni yzarlaýardy. Men ähli älemlerde Multiälemiň düzgünlerini bozýardym.
• Wagt paradokslary arkaly temporal neksuslar döretmek.
• Alternatiw wagt çyzgylaryny döretmek.
• Multiälem sazlaşygny bozmak...
Garaz şular ýaly düzgünbozmalarym sebäpli yzarlanýan. Siz henizem temporal neksusa düşüneňzok öýdýän. Düşündirmäge synanyşaýyn. Bir çyzyk çyzaly. Bu wagt çyzgysy. 1956-njy ýylda A şahs doguldy. 2000-nji ýylda bolsa B şahs doguldy. B şahs A şahsyň agtygy diýeli. (Diýmesek hem bolýa). Garaz B şahs ulaldy we wagt maşynyny oýlap tapdy. Soňra 1960-njy ýyla düşdi. Ýalňyşlykda 4 ýaşly çagajygyň ölümine sebäpkär boldy. Bu A şahs. Edil şol pursata temporal neksus diýýäris. Şondan soň täze wagt çyzgysy ( A we B şahslarsyz täze älem) peýda bolýar. Esasy wagt çyzygyna näme bolýar? Hamala ýitirim bolýan ýaly. Ýok. Ýalňyşlykda dört ýaşly çaga ölmeýär. Garşylyk reaksiýasy meýdana gelýär. "Garşylyk reaksiýasy" - bu Multiälemiň täze wagt çyzgylaryna garşy goýan funksiýasy. Täze wagt çyzgylary döresede "Esasy wagt çysgysy"-na hiç zat bolanok. Men bularýaly temporal neksuslaryň müňlerçesini döretdim. "WAGT GORAGÇYLARYNYŇ" bolmadyk älemleri bem bar. Emma bar bilen Multiälemiň ähli neksus älemleri, parallel älemleri, alternatiw älemleri bir birinden howply. Meniň älemim bolsa multiälemde jady kömeginde gizlenen. Multiälemde jady diňe alternatiw älemlerde bar. Men size Multiälemde neksus älemleriň döreýşini düşündirdim. Parallel älemleriň nähili peýda bolýandygny siz bilýänsiňizem. Ol diňe 50%-lik ýagdaýda döreýär. Şrýodingeriň meşhur pişigini bilýäňizmi? Bu tejribäni "EGG 8765" äleminde Erwin Şrýodingeriň özi bilen geçirdim. Şrýodinger ikimiz guta pişijegi saldyk. Gutydan "EGG 8765" äleminde diri pişik çykdy. Täze dörän parallel älemde bolsa pişik pahyr boldy. Ol älem "EGG 8765 p1" diýlip atlandyrylýar. Men neksus we parallel älemleriň nähili peýda bolýandygny bildim. Ýöne alternatiw älemleriň nädip peýda bolýandygna hiç düşünemok. Men onuň peýda boluşy barada birnäçe teoriýa döretdim. Indi ol teoriýalarymy subut etmeli... Multiälemden daşara çykasym gelýä. Multiälemiň daşarsynda Omniälem bar. Ol ýerde biziň Multiälemimizden başga Multiälemler bar. Olaryň hem öz neksuslary, paralelleri we alternatiwleri bar.
Öz howpsuzlygmy doly üpjün edip, öz ata älemim, ýagny meniň doglan älemim "EGG 9812" älemine barmak isledim...
***
Men Jeýkob Kýort, Multiälemiň goragçysy. Şu ýere çenli okan hekaýaňyz "Multiälem düzgünbozary" tarapyndan onuň şahsy gündeligne ýazan oýlanmasy ýa-da hekaýasy. Biz ony ele salanymyzda onda şu gündelik we ýazgylar bar eken. Biz ony ele salyp gerekli jezasyny berdik. Ony we onuň döreden ähli neksuslaryny ýok etdik.
© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW