ezizhan_hallyyew
26.11.2023 10:55
Äýneklije gyz




Gün batan çagynda geçip bir töre
Kitap okar gözi äýneklije gyz
Säher turup okuwyna ýol alar
Nepis tahýa iki örmeklije gyz


Goly çeper müň hünär bar elinde
Şirin,şeker hoşamaý söz dilinde
Öýine gadyrly myhman gelende
Hyzmat eder eli çäýneklije gyz


Şeýle gyzlar diňe mertleri söýse
Şol söýgi adalat dälmidir eýse
Merdiň söziň ýykman hoş sözi diýse
Ýylgyrsa ýaňagy oýmaklyja gyz
41
124
paradisem
26 Noýabr 2023
Yaryşa gel
angelface
26 Noýabr 2023
Kimka ol ayneklije gyzz🤓😆
paradisem
26 Noýabr 2023
Gyssagly komek gerek orunbasar
jahana_17
26 Noýabr 2023
🧐be kim kä
paradisem
26 Noýabr 2023
😎
nabat_
26 Noýabr 2023
@mawy, 🙄🙄🙄
nabat_
26 Noýabr 2023
Äyneklije gyz🤓🥰☺gowyy goşgy😁
mandarin
26 Noýabr 2023
😏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.