BagtyýarGeldiýew
14.04.2020 22:15
Ynamsyz sözlerden öçen söýgiňden
Sowan köz deý ahmyr geçse-de güwä,
Mümkin ynamyña giren däldirin,
Nähili-de bolsa mendedir günä…

Bize garşy sersepil bi ykbalyñ
Zulumyna garşy gelseñ-de ejiz,
Bilbilleñ içinde garga mysaly
Diñe men ýazykly, diñe men nejis.

Şahandaz wadalar berip yzyndan,
Sözüñde tapylyp bilmeseñ-de, hiç,
Ujypsyz günämi duýup gezerin
Manysyz ömrümiñ soñuna deñiç.

Bagtly günler hakda etsek-de arzuw,
Nogsany nämede – bagtsyz gün-ä kän.
Doñýürekli seni söýenim üçin
Bagyşlarsyñ, diñe özüm günäkär!
7
237
Karaleva
14 Aprel 2020
gaty gowy??
BagtyýarGeldiýew
14 Aprel 2020
Sag bolun kop kop
Bagtym bol sen
14 Aprel 2020
Ajaýyp????
Paradise
14 Aprel 2020
Tasirli???
gulshatayewa97
14 Aprel 2020
Kiçikäm ejem ýalňyş iş edemde bagyşla diýmelidigni öwredipdi. Seni söýenim üçin bagyşla meni...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.