nabat_
25.11.2023 07:18
Söýgi — gorkudan ýaňa titräp duran bagt


Zenanlaryň kiçijik kemçiliklerini bagyşlap bilmeýän erkekler, hiç haçan olaryň uly hormatyna hem mynasyp bolup bilmezler.

Söýgi we şübhe hiç haçan biri-birine golaýlaşýan däldir.

Isleg ömrüň, biperwaýlyk bolsa ölümiň ýarydyr.

Diňe ýüreginde derdi bolanlar başga ýürekleriň hem derdine düşünip biler.

Jomartlyk  özüňde bar bolanyndan köpräk zady eçilmekdir.

Her gün täzelenmeýän söýgi  endige we adaty birsydyrgynlyga öwrülip gidýär.

Biz ýylgyrşymyza sebäp bolan ynsanlary aňsatjak unudyp, gözýaşlarymyza sebäp bolanlary ömürlik ýatda saklaýarys.

Köplenç, biziň şu günki tukatlygymyza düýnki şatlygymyz hakdaky gamgyn ýatlama sebäp bolýar.

Özüňe kömek etmegiň ýeke-täk ýoly başgalara hemaýat etmekdir.

Söýginiň nähili çuňlugy diňe aýrylan wagtyňda mälim bolýar.

Söýgi — gorkudan ýaňa titräp duran bagtdyr.

Gözýaşlar bilen ýuwulan söýgi päkize, owadan we ebedi bolýandyr.

Adamyň derejesi onuň gazanan zatlary bilen däl, gazanmagy öňünde maksat edip goýan zatlary bilen kesgitlenýär.

Dünýädäki ähli soraglara özümçe jogap tapdym, diňe iň soňkusy galdy: «Men kim?»
46
117
nabat_
25 Noýabr 2023
@gulshatayewa97, köpisi gowy
nabat_
25 Noýabr 2023
@gulshatayewa97, menem bir yerden tapdymla bu zadlary🙃
gulshatayewa97
25 Noýabr 2023
Aşakdan 2njä goşulamok. Maksat edip goýulýan zat kän, esasy şoňa ýetmekde iş bar.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.