Imissyou
24.11.2023 06:43
Topiar – bu ösüp oturan ýaşyl baglary çeperçilik usulynda kesmek, gyrkmak, şahalaryň ujyny çyrpmak arkaly dürli şekilleri bermek sungatydyr. Topiar sungaty bilen iş salyşýan adama “topiýarus” diýilýär. Topiar sungaty ilkinji gezek 1935-nji ýylda ABŞ-da Harwi Ladýu tarapyndan döredilýär.
Görnüşine görä topiaryň 2 görnüşi tapawutlandyrylýar:

Janly ösümlikleri kesmek, gyrkmak arkaly döredilen topiar şekiller.

Daşky görnüşinden janly ösümliklere meňzeş bolan emeli materiallardan ýasalan şekiller.

Topiar sungatyny döretmegiň aýratynlyklary
Häzirki döwürde topiar sungatyny döretmek üçin bezeg bagçylykda ýaprakly we pürli görnüşlerden giňden peýdalanylýar. Topiar baglaryny döretmekde esasan agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň sowuga çydamly, haýal ösýän we ownuk ýaprakly görnüşleri saýlanyp alynýar.
Topiar baglaryny döretmekde şekil bermek möhüm çäreleriň biri bolup, onda baglaryň köp sanly şahalary kesilip aýrylýar. Şekil bermek işleri örän seresaply, ösümliklere şikes ýetirmezden geçirmek zerurdyr. Şeýle-de baglary kesmekde şahalaryň kesilýän ýerlerine üns bermek örän zerur. Şahalar kesilende ýa-da gysgaldylanda pyntygyň depesinden amala aşyrylýar. Artykmaç agaçlaşan pudaklar “halkalaýyn” usulda düýbünden kesilip aýrylýar. Gyrkylanda baglaryň birýyllyk we ikiýyllyk pudaklary islendik ýerinden gyrkylyp, ondan dürli şekiller ýasalýar. Topiar sungatyny döretmek üçin baglary gyrkmakda ýaprakly agaçlar bilen pürli agaçlar düýpli tapawutlanmaýar. Emma ösüş aýratynlyklaryna, häsiýetine göre olar tapawutlandyrylýar. Ýagny ýaprakly agaçlar we gyrymsy agaçlar gül açýar. Olaryň bezeg ähmiýetini saklamak üçin dogry şekil bermegi ýola goýmak zerur. Ikiýyllyk pudaklarda gül emele getirýän ösümliklerde şekil bermek işleri gül açyp bolandan soň amala aşyrylýar. Ýaprakly we gyrymsy agaçlar pürli agaçlardan tapawutlylykda, olar çalt ösýär, olaryň pudaklary ýygy-ýygydan gyrkylmagynyň netijesinde köpçülikleýin pudaklary emele getirýär we niýetlenen şekili çalt ýagdaýda döredip bolýar. Şeýle hem ýaprakly agaçlar çalt ösýänligi sebäpli, birnäçe kynçylyklary-da ýüze çykarýar. Baglardan döredilen şekilleri saklamak üçin möwsümiň dowamynda 2-10 gezek gyrkmak işleri geçirilýär, pürli agaçlar bolsa haýal ösýänligi sebäpli gyrkmak işleri möwsümde 1-2 gezek geçirilýär. Ýaprakly agaçlarda gyrkmagyň we şekil bermegiň möwsümleri suw hereketiniň işjeňligi peselenden soň geçirilýär.
Görnüşine görä, öň gyrkylmadyk agaçlardan kub, şar şekilleri ýasamak aňsat amala aşyrylýar. Eger-de agaçlaryň gabarasy süýri, ýumurtga şekillerde bolsa, olardan konus, spiral şekilleri döretmek bolýar. Bu şekilleri emele getirmekde, agaçlarda tebigy şekilde dörän artykmaç pudaklar kesilip aýrylanda, öz-özünden garaşylan şekiller emele gelýär.
Topiar sungatyny döretmek üçin tokaý we bezeg agaçlaryna ýörite talaplar hem bildirilýär:

Topiar sungatyny döretmek üçin diňe sagdyn baglar saýlanyp alnyp, olar gyrkmazdan öň iýmitlendirilýär. Gyrkylandan soň ýaprakdan ösdüriji stimulýatorlar bilen iýmitlendirilýär.

Şekil berlenden soň suw tutulýar, pürli agaçlarda ýagyş ýagdyrmak usuly ulanylýar.

Şekil bermek işleri bulutly, şemalsyz günlerde geçirilýär.

Topiar döretmekde ýaprakly we gyrymsy agaçlardan ýapon aýwasy, sary akasiýa, aroniýa, adaty barbaris, Tunberg barbarisi, beresklet, adaty birýuçina, tikenli boýarişnik, adaty boýarişnik, adaty armyt, ýiti ýaprakly kerkaw, tatar kerkawy, kümüşsöw igde, ýapon spireýasy, pürli agaçlardan adaty ýel, tikenli ýel, ýewropa listwennisasy, sibir listwennisasy, wirgin možžewelnigi, sibir pihtasy, adaty sosna, dag sosnasy, gara sosna, günbatar tuýasy ulanylýar. Umuman topiar sungaty bezeg bagçylygynda özboluşly sungat bolup, ol daşky gurşawyň hem ýagdaýyna oňaýly täsir edýär.
32
78
gulshatayewa97
24 Noýabr 2023
Daş edipdirler
nabat_
24 Noýabr 2023
👍👍Baglar judaa owadan😍 Adam eli gyzyl gül👍👍❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.