okayjy
23.11.2023 20:34
GIJEKI GÜRRÜÑ

... -Sen düşündirsene maña.
- Nämäni ?
- Söýgi diýýilýän zady. Sen hemişe okaýañ ahyry.
- Howa.
- Onda düşündir. Ýöne Tik-Tokdaky videolar, ýada köne aýdylyp geçilen sözler bilen däl. Öz pikriñ bilen.
- Nirden geldi bu sorag birden ?
- Bilemok. Kän gyz bar. Gözüñ görüp dursa, diñe bir gyzy söýüp ýaşaýjak bolsañ, kyn meñ pikrimç-ä...
- Oduñ barmy ?
- Bolmaly. Sen çekmäñi goýduñ ahyry ?
- Goýdym... ýene üstüne... Gowy gije, howa-da salkyn. Ýokaryk seretsene, näme görýäñ ?
- A-ýa, bu gün dogmandyr, diñe ýyldyzlar görünýär.
- Señ söýgä seredişiñ hem şular ýaly. Ýyldyzlar köp, ýagty saçyp duranam bar, öçügsi görünýänlerem bar. Ýöne iñ ýagty ýyldyza seredip dursañ hem, gözüñe başga bir ýyldyz has ýagty ýalak bolup görüner. Şeýdip garañkyda hiç birini hem saýlap bilmersiñ.
Ýöne bir gün, saña bir ýyldyz ýakynlaşar. O ýyldyz saña şeýle bir ýakyn geler welin, beýleki  ýyldyzlaryñ ýagtysy  peselip başlar we bir gün ol biziñ dünýämize iñ ýakyn ýyldyz ýaly bolup, señ öz dünýäñde dogar. Seni gijeden gündize geçirer. Gündiz hem señ öñki görýän ýyldyzlaryñ asmanda durandyr ýöne, bir ýyldyzyñ ýagtylygy bilen olaryñ ýagtylygy señ üçin söner.
- Ýöne, ýene gije düşer ahyry ? Ýene ýyldyzlar görner.
- Elbetde. Hemişe gowy günler bolmaz. Arasynda düşinišmezlik, dawa, aýralyk hem bolar. Söýgüni bezeýän hem şu ýagdaýlardyr... Ýöne şonda-da indi ýyldyzlara däl-de, Aýa üns berersiñ. Pikriñ şol bolar, Aýyñ ýagty saçmagyna hem şol ýyldyzyñ sebäp bolýandygyna düşinersiñ. Ýene säher bilen gün dogar, şol pursat çaga ýaly begenersiñ...
- Dogry. Bu aýdanlaryñ diñe pikriñmi ýa... sen hem ???
- Gürrüñ uzajaga meñzeýä. Ýañky odyñy ber ýene...


Çeşme : Edebiyat.clan.su
54
221
okan
24 Noýabr 2023
👍👍👏👏
jahana_17
23 Noýabr 2023
👍waw super
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.