Imissyou
23.11.2023 09:48
Müminleriň emiri Mansuryň döwründe weli, takwa kişileriň biri onuň ýanyna gelip, pent-nesihat berip otyrka, gürrüňleriniň arasynda şeýle diýipdir: «Men saparlarymyň birinde Hytaý diýaryna bardym. Ol ýeriň patyşasy adalatly ynsan eken. Bir gün şol patyşanyň eşidiş duýgularyna zeper ýetip, eşitmekden mahrum galypdyr. Ol wezir-wekillerini çagyryp:

— Maňa agyr ýagdaýa uçradym. Indi men eşidip bilemok – diýip aglapdyr. Wezir-wekiller oňa göwündarlyk bermek üçin:

— Eger patyşamyz eşitmekden galan bolsa, onuň öwezine Beýik Taňry siziň adalatlylygyňyzyň bereket we uzak ömür nesip eder – diýipdirler.

Şonda patyşa olara şeýle diýipdir:

— Siz gaty ýalňyşýarsyňyz, aýdýan bu pikiriňiz hakykata ters. Men eşitmeýänligim üçin aglamok. Akylly, düşünjeli adam ahyrynda ähli beden agzalarynyň we janynyň ýok bolup gitjegini bilýändir. Şuňa akyly çatýan adam beden agzalarynyň biriniň işden galandygyna aglamaz. Meniň aglamagymyň sebäbi haýsydyr bir mazlum menden haraý isläp, meni çagyrsa, dady-perýat etse, men onuň sesini eşitmesem, onuň hakyny alyp berip bilmerin ahyry!

Şondan soň patyşa öz golastynda ýaşaýan ähli adamlaryň sütem gören mazlumdan başgasynyň gyzyl köýnek geýmeli däldigi, gyzyl köýnek geýen adamyň arzynyň bardygyna göz ýetirip, onuň hajatyny bitirjekdigi hakynda jar çekdiripdir.
27
56
yurek
23 Noýabr 2023
Adalatly eken cykalga tapypdyr halkyn arzyny estmage
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.