Imissyou
22.11.2023 20:44
Zunnunu-Müsüri (Alla oňa rahmet etsin) şeýle gürrüň beripdir:

─ Bir gün sährada az-kem gezelenç edeýin diýip, şäherden çykdym. Nil derýasynyň kenary bilen gezim edip ýördüm. Möwç urup duran sap-arassa suwuň tolkunlaryna seredýärdim. Birden gaty-gaty ýöräp barýan bir içýana gözüm düşdi.

Öz-özüme «Şuny yzarlaýyn, hany nirä barýarka?!» diýdim. Içýan derýanyň kenaryna geldi. Görsem, bir gurbaga suwuň kenarynda duran eken, hamana ol içýana garaşýan ýaly. Içýan hamana öz ulagy ýaly şol gurbaganyň arkasyna mündi. Gurbaga suwda ýüzüp başlady. Men «Bu işde bir syr bar» diýip, özümi suwa okladym we derrew ýüzüp, derýanyň aňry kenaryna geçdim. Onýança gurbaga hem gelip ýetdi. Ol içýany suwdan geçiripdi. Içýan onuň arkasyndan düşüp, gury ýerde çaltlyk bilen ýöräp başlady. Men hem ony yzarlamagymy dowam etdirdim. Ahyry bir agajyň aşagyna baryp ýetdik. Agajyň kölegesinde bir ýaş ýigit ýatyrdy. Seretsem, äpet gara ýylan ony çakjak bolup dur. Birden ýaňky içýan gelip, ol ýylany çakdy. Ýylan duran ýerinde ýazyldy, şolbada öldi. Soňra içýan yzyna dolanyp, suwuň kenaryna bardy. Gurbaga içýana garaşyp duran eken. Içýan gelşi ýaly, ýene-de gurbaganyň arkasyna mündi we aňyrky kenara geçip gitdi. Men bu ýagdaýa haýran galyp, öz-özüme «Ýaňky ýigit weli bolmaly» diýdim hem-de haýyr-dogasyny almak, aýagyna ýykylmak üçin onuň ýanyna bardym. Görsem, ol serhoş bolup ýatan, şeraba aňyny aldyran bir ýaş ýigit eken. Meniň geň-taňlygym we haýranlygym has-da artdy. Bu wakany synlap durşuma, men Allatagalanyň bendelerini goraýandygyna has-da göz ýetirdim. Bendeler hötjetlik edip, Oňa hernäçe boýun bolmasalar-da, Onuň adamlara bolan merhemeti gör, nähili bol! Men  şol ýerde durup garaşdym. Ýaňky ýigit ukudan oýandy, serhoşlykdan açyldy. Ol meniň başujunda oturandygymy görüp, haýran galdy. Dessine aýagyma ýykylyp:

— Eý, beýik ymam, zamananyň piri! Näme üçin günäkär adamyň başynda dursuňyz?! Näme üçin maňa göz-gulak bolup, ýagşylyk edýäň? – diýdi. Men:

— Ötünç soramagyňy bes et! Bu ýylana bir seret-le! – diýdim. Ol ýylany görüp, ýüzüne-başyna urup, nalyş edip durşuna:

— Eý, musulmanlaryň ymamy, nämeler bolup geçdi? – diýdi.

Men içýan bilen gurbaganyň boluşlaryny gürrüň berdim.  Ol ýigit:

─ Eý, Allam! Seniň merhemetiň günäkär bendelere şu derejede bolýan bolsa, onda dostlaryňa neneňsi merhemet edýäň?! – diýip, derrew Nil derýasynda gusul alyp, özüni çöl-beýewana urdy we Haka gulluk etmek bilen meşgullandy. Ol şeýle bir derejä ýetdi welin, islendik hassa dem salan badyna gutulardy. Ylahy kerem-mähremlik kimi gurşap alsa, onuň dogry ýola düşmeginde şeýle kerem-sahawaty sebäp ediberýän ekeni.
36
110
yurek
23 Noýabr 2023
Haysy kitabdan bu hekaya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.