okayjy
22.11.2023 20:44
Köp aldanýas ýalan dünýäñ alyna,
Bagt diýenmiz, wagtymyzy egleýär,
Bize berlen muzdsyz ömrüñ özi nä?,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.

Arrygy köp, boý almaly şineleñ,
Arzysy köp agajyndan miweleñ,
Kime derkar seniñ öýke-kineleñ,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.

Bilýäñ ahyr, her gursakda howur bar,
O:t bolmasa bugdaý bolmaz gowurga,
Gussa bilen ömri ýele sowurma,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.

Kimler ötdi amaly har, añy hor,
Kimler ötdi bilegi zor, añy zor,
Gara galam ak sözleri ýazsa bor,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.

Indi ýat sen... Ah öñler-ä gerekdiñ,
Sensizligem ... eretse goý eretsin,
Sünnet ahyr ýylgyrmak çyn ýürekden,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.

Geçen günler geçip galsyn owarram,
Ykbal ony yza gaýdyp bermeýär,
Gussalary zyñyp bu gün owarra,
ŞATLAN GÖWNÜM, GAMLANANÑA DEGMEÝÄR.

© Baýram BEJIDOW
35
99
okayjy
6 Dekabr 2023
@Crazy, Bize berlen giden gitdi ömrüñ özi nä ? diýip okaýsan iñ gowsy 😅
okayjy
6 Dekabr 2023
@Crazy, Sen şoool kiçijek wagty Messi bilen bir toparda futbol oýnaýan agazdyñmy 🤔😁
okayjy
6 Dekabr 2023
@Crazy, Gidip Baýramdan soramaly etdiñow muna 😅
okayjy
6 Dekabr 2023
@Crazy, "Mugt" diýilen ýalyrak bolýada onda 🤔
okayjy
6 Dekabr 2023
@Crazy, "Mugt" diýilen ýalyrak bolýada onda 🤔
okayjy
6 Dekabr 2023
@tim_, Ýalñyş geldiñ öýitýän 😅
okayjy
6 Dekabr 2023
@Crazy, Menem köne kitaplarda okanymdan ýadyma düşýä. "Haryt gerek bolsa, muzdyny tòle" diýilýädi öýitýän 🤔
okayjy
6 Dekabr 2023
@Crazy, Näme üçin nerwa düşýä ol 🤔? Indi bileniñ üçin gowlaşandyra 🙃
okayjy
6 Dekabr 2023
@Crazy, Salam. "Tölegsiz" diýilen ýaly bolýa 🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.