Salam Öwrenmeliniň krasavchik ýigitleri we "janjagazy toşap" hanymlary. Işsizlikden ýene sizi mawy ekranyň (
@mawy saňa aýdylanok) başynda hoş gördük. "Tanyşmak aýyp däl" virtual gepleşigimiziň bu gezekki, ýagny 10-njy sanynda - Ady bilen Öwrenmelide hemmäniň ünsini çeken agzalaryň biri bolan
@mandarin azgamyz myhmançylykda.
Ilki bilen hoş gõrdük. Geliň, geçiň oturyň.
Biz bolsa oňa çenli reklama gidýäs.
Gepleşigiň hemaýatkäri: Jübüňdäki pula utanman göz dikýän "Joş" we "Eçil" şerbetleri. Senem joşup, eçilip goýber)
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).
2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyzjyk... Bu ilkinjimi ýa başgada bardymy?
3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?
4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?
5.
@mandarin gyzlary yrmakda karolmyş. (Eşden gulakda ýazyk ýokmyş)) Näçe gyzy söýüp gördüňiz?
6. Diňe mandarin iýip näçe gün oňup bilersiňiz?
7. Goşgy bilen araňyz nähili? Goşgy näme? Kapyýa näme? Goşgy diňe kapyýadan ybaratmy?
8. Men adam aldamok diýip näçe adam aldadyňyz?
9. Miwelerden özüňizi haýsy miwä meňzetýärsiňiz? (Banan bir diýmersiňizde))
10. Eliňde mikrafon. Ilkinji söýen gyzyňyzyň toýunda aýtjak 3 sözlemiňiz haýsylar?
11. Boş wagtyňyz näme bilen meşgul?
12. "Spiderman" bolardyňyzmy ýa "Hulk" ?
Näme sebäpden?
13. Iň uly arzuwyňyz näme?
14. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?
15. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?
16. Goý, Siziň janyňyz sag, durmuşda şowlulyklar ýar bolsun!