Dünýä medeniýet söhbet edilende, adamzadyň döreden iň haýran galdyryjy
medeni gymmatlyklary, olaryň aýry-aýry nusgalary barada-da durup geçmek
zerurdyr. Medeniýetiň we sungatyň taryhynda «dünýäniň ýedi täsinligi» diýen
düşünje saklanyp galypdyr. Bu täsinlikleriň aýratyn tarapy, olaryň baryp gadymy
zamanlarda, tehnikanyň ösmedik döwründe döredilendiklerindedir. Eýsem,
dünýäniň ýedi täsinligi diýlende, haýsy ýadygärlikler göz öňünde tutulýar? Olar
şulardyr:
1. Heopsyň piramidasy. Bu täsin bina miladydan öňki 2540-njy ýylda Müsürde
(Gizada) gurlupdyr. Bu ýadygärlik häzirki döwre çenli saklanyp galan ýeke-täk
täsinlikdir.
2. Semiramidanyň asma baglary. Bu täsinlik Mesopotamiýada (Yrak) miladydan
öňki 605-nji ýylda döredilipdir. Ol miladydan öňki 562-nji ýylda suw joşmasy
zerarly ýitip gidipdir.
3. Zewsiň Gresiýanyň Olimp şäherinde goýlan heýkeli. Heýkel miladydan öňki
435-nji ýylda binagär Fidiý tarapyndan ýasalypdyr. Bu ýadygärlik V–VI
asyrlarda Konstantinopolyň (häzirki Stambul) aýlawynda ýangyn bolanda ýok
edilipdir.
4. Artemidanyň miladydan öňki 550-nji ýylda Kiçi Aziýanyň (häzir Türkiýe) Efes
şäherinde gurlan ybadathanasy. Bu ybadathana zenan hudaýy Artemidanyň
hormatyna gurlup, ol miladydan öňki 370–356-njy ýyllarda uruşlar zerarly
ýumrulypdyr.
5. Kiçi Aziýada gurlan Galikarnas aramgähi. Bu aramgäh miladydan öňki 351-nji
ýylda binagär Pifeý tarapyndan gurlupdyr we ol 1494-nji ýylda ýumrulypdyr.
6. Gresiýanyň Rodos adasynda gurlan sütün. Ol miladydan öňki 292–280-nji
ýyllar aralygynda binagär Hares tarapyndan gurlupdyr. Bu sütün 654-nji ýylda
sökülip aýrylypdyr.
7. Aleksandriýa maýagy. Bu desga miladynyň III asyrynda Müsüriň Aleksandriýa
şäherinde gurlup, XIV asyrda ýer titremesi zerarly ýumrulypdyr.