wselennayaa
21.11.2023 11:55

Ýigidiň lapykeçlikden ýaňa dünýesi başyna ýumrulana döndi. Güljanyň girip giden jaýynyň töwreginde köwelenýärdi. Ýöne hiç hili netije çykaryp bilmedi. Sebäbi o jaýa girip-çykýan gyzlaň hababy ýokdy. Güljan diýen gyzy tapyp beriň diýmäne-de bogny ysmady... Ýigit hiç wagt beýle gynanyp görmändi. Ol ahmyr bn hyrçyny dişleýärdi. Ýöne Güljany hemişelik ýitirendirin öýdenokdy. Onuň bn görüşjegine ynanýardy. Indiki täze ýyl baýramynda gyz ýene öňküje ýerinde garaşyp duran ýalydy. Röwşen kalbyny sarsdran wakadan soň mese-mälim üýtgedi. Azat bn öňki ýaly ekjeşip ýörmän okuwyny örän gowy okaýardy. Üst- başyny yhlas bn esewan edýärdi. Ol kalbynda Güljana mynasyp bolmak üçin jan çekýärdi. Otagdaş dostunda bolup geçen üýtgeşmeler Azady haýran galdyrýardy. Röwşen mylaýym häsiýetli jana- jan dosta öwürlipdi. Ol bir gezek iki sany petegi çykaryp Azadyň öňünde goýdy.

- Şu günüň özünde Mährini teatra oýun görmäge çagyr.

Wagyt haýalam bolsa geçip durdy. Ynha ahyrsoňy güýz geldi. Howalar sowap başlady. Täze ýyl golaýlaşdygyça ýigidiň ýüregi bat bn urýardy. Arçalarda täze ýyl yşyklary peýda boldy. Ýöne bu entek Täze ýyl agşamynyň gelenini aňladanokdy. Adamlar ýakymly baýramy hasam uzaltmak üçin gitdigiçe ir taýýarlyk görüp başladylar.

Ýene dostlar ahyrky synagdan üstünlikli geçdiler. Olar şatlyk bn otaglaryna gaýdyp geldiler. Azat ýene ýol şaýyny tutmaga başlady. Ýöne ol bu gezek dosty bn sowuk sala hoşlaşmady. Gözüni bir nokada dikip sarsman oturan Röwşeniň ýanynda esli salym oturdy. Soň dostunyň egnine elini goýdy.

- Dostum bu Täze ýyl agşamynda seniň hemme arzuwlaryň hasyl bolmagyny arzuw edýän! Azat goşlaryny alyp çykyp gitdi. Röwşeniň gözleri sagadyň dilinden aýrylanokdy. Öňküje wagt bolanynda tolgunma bn daşary çykdy.

Ýigit öňküje duralgadan öňküje ulaga mündi. Ulagyň içi ýene ýolagçylardan hyryn-dykyndy. Ýene şol baýramçylyk keýpiçaglygydy. Adamlar sähel zada hezil edip gülüşýärdiler. Ýöne Röwşeniň welin bu wagyt gülki ýadyna düşenokdy. Onuň gözleri diňe Güljany agtarýardy.

Röwşen şäheriň merkezindäki öňki duralgada düşüp başyny asmana diräp duran Täze ýyl arçasynyň töweregindäki adamlara goşuldy. Ýene şol öňki görünüşdi. Röwşen aňsatlyk bn adamlaryň arasyndan Güljany gözledi. Emma hiç ýerden ony tapyp bilmedi. Röwşeniň birden howsalasy arytdy. Seýilgähiň ugrunda iki ýana alakjap ýörişine göwnüne her zatlar gelýärdi. Wagyt bolsa duýdansyz geçip dur. Eger Röwşen bu agşam Güljany tapyp bilmese, özüniň nähili ýagdaýa düşjegini göz öňünde getirip bilenokdy. Röwşen iň soňunda çaýhana girdi. Öňki oturan ýerine ynjalyksyz ýerleşdi. Iki adamlyk kofe buýurdy.

Sus oturan ýigit birden gözlerine ynanmady. Ol ýerinden laňňa galany duýman galdy. Onuň garşysynda Güljan durdy. Güljanyň gözleri kineli bakýardy.

-Näme üçin jaň etmediň?

Ýigit jogabam berjek bolmady. Boýdaş bolup duran Güljanyň ellerini mähir bn gysymyna gysdy. Juwanlar seslerini çykarman çykalga tarap ýörediler. Ýene hemme zat geçen ýyldaky ýalydy. Arçalar Täze ýyl yşyklary bn dumly-duşda öwşün atýardy. Örän belentden görünýän gar tozgajyklary emaý bn gaýmalap ýere düşýärdi. Juwanlar giň ýanýodadan emaý bn gadam urýardylar. Bir göwrä öwürlip, deň bolup gadam urýardylar.



𝐀𝐰𝐭𝐨𝐫𝐲: Täçmyrat Repbimow

19
110
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.