Kafe bilen restoranlaryň näme tapawudy bar? Göwrümi boýunça kafe kiçi, restoran bolsa uly bolýar. Kafelerde, köplenç, ýarym taýýar naharlar, tiz tagamlar taýýarlanýar. Restoranlaryň aşhanasynda bolsa köp wagt sarp edilýän, şeýle-de dünýä aşhanasynyň meşhur naharlary taýýarlanylýar. Kafeniň tagamnamasy sada bolýar. Restoranyň tagamnamasy dürli görnüşli tagamlara, içgilere baý bolýar. Kafeler gysga wagtda tiz garbanmak üçin ýöriteleşendir. Restoranlar köpçülik bolup naharlanmaga we rahat dynç almaga niýetlenendir.
«Restoran» sözüni latynçadan terjime edeniňde, «dikeltmek», «güýçlendirmek» diýmekligi aňladýar. Ýagny tagamlary ýörite, ýokary hilli taýýarlamak işini aňladýar.
«Kafe» we «kofe» sözleriniň meňzeş bolmagy tötänden däldir. «Kafe» sözüni fransuzçadan terjime edeniňde, «kofe hödürlenýän ýer» diýmekligi aňladýar. Dünýädäki ilkinji kofe dükanlary kafeleriň ilkinji ojaklary, gözbaşy hasaplanylýar. Dünýäde iň gadymy hasaplanylýan kafedir restoranlaryň taryhy we häzirki wagtda dünýädäki iň meşhur kafedir restoranlar baradaky gysgaçadan gyzykly maglumatlary size ýetirýäris:
* Iň gadymy restoranlar ilkinji gezek Hytaýyň Kaifeng we Hangzhou ýaly gür ilatly şäherlerinde, takmynan, 1100-nji ýylda açylypdyr diýen çaklamalar bar.
* Ilkinji kofehana Konstantinopolda 1475-nji ýylda «Kiva Han» ady bilen açylypdyr.
* Türk kofesi Stambulda Süleýman şanyň döwründe ýüze çykýar. Ýagny 1543-nji ýylda Özdemir Paşa kofäni ilkinji gezek içip görüp, ony halaýar. Kofe Türkiýede mis gapda gaýnadylýar. Gaýnadylyp taýýarlanylýan türk kofesi bu günki günde-de dünýä ýüzünde meşhurdyr.
* Restoranlaryň medeniýetini bilýänlerden iň köne restoranyň haýsydygyny sorasaňyz, «La Tour d’Argent» («Kümüş diň») diýip jogap berse gerek. Parižiň «Kümüş diň» restorany 1582-nji ýyldan bäri halka hyzmat edip gelýär.
* ABŞ-da ilkinji kofehana 1670-nji ýylda açylýar. Ony esaslandyran bostanly William Penn hasaplanylýar.
* Awstriýanyň Wena şäherinde ilkinji kofehana 1686-njy ýylda Kulçitskiý Uri-uri Franz tarapyndan açylýar. Ol «Gök çüýşäniň aşagyndaky jaý» («Hof zur Blauen Flasche») diýlip atlandyrylypdyr. Kulçitskiý iş wagtynda türkleriň milli geýimini geýipdir. Kafeniň müşderilerine Kulçitskiniň özi hyzmat edipdir.
* Tokioda ýerleşýän «Aragawa» steýkhousy dünýäniň iň gymmat restorany hökmünde tanalýar.
* Dubaýda ýerleşýän «Burj Halifa» dünýäniň iň beýikde ýerleşýän restorany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. «Burj Halifa» restorany deňiz derejesinden 441,3 metr belentlikde ýerleşýär. Bina 122 gatdan ybarat.