strawberry
21.11.2023 10:00
Sensiz
Dùnýáñ oýunlary, gutarmadymy,
Ne untdurdy by, ne -de dileçdi,
Gara gòzlerime, getirip nemi,
Seret, sensiz ýene, bir gùnùm geçdi.

Wah diýmedim, jiger bagrym keseñde,
Çùnkù gara gòzleñ, gabanyp keçdi,
Nádeýin, bu gùni islemesemde,
Seret sensiz ýene, bir gùnùm geçdi.

Diýip gòwne degdiñ, sòýgiñ oýunmy,
Aldanan gòzleriñ, aýralyk seçdi,
Begeneými, ýa-da gynanaýynmy,
Seret sensiz ýene, bir gùnùm geçdi.

Hyýalymy, alyp erkim gabadyñ,
Unutmaklyk ùçùn, aklym gòreşdi,
Gije onkiñ zañyn, urdy sagadym,
Seret sensiz ýene, bir gùnùm geçdi.

Òñkùñ ýaly, birje gezek ah alda,
Gòzlem nury bilen, umydym òçdù,
Ýagdaýym sorasañ, diri ahwalda,
Seret sensiz ýene, bir gùnùm geçdi.
20
24
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.