...ýöne bir gün ýitip gitsem dünýäñden,
Tüýsüni üýtgetse tämiz hyýallañ,
Men tarapdan hiçbir habar bolmasa,
Eger birden ýat bolaýsa bu ýanlar,
Başyny etegne salsa arzuwlar,
Gözýetimñi gurşap alsa dumanlar,
Çykalga galmasa, dowullar gyssap,
Ýüregiñi eýelände gümanlar,
Söýenñe ökünip,
ahmyrlañ bilen,
Ýeke-ýekä galan wagtyñ, tukatkañ,
Sazlaram göwnüñi iññe deý deşip,
Aýdymlaram agy bolup eşdilse,
Bir ýerlerden çykar diýip oýlasañ,
Süýji ýatlamalañ bagryñy dilse,
Dem gelmese, em gelmese hiç ýandan,
Salgym bolan sabryñ bilen ýaraşgyn,
Garaşgyn...
©Baýram BEJIDOW