tyllayev_allanur
20.11.2023 19:44

Ýygnalan zibil-zyňyndylar zibil senagat kärhanalaryna ýa-da zibil meýdançalara (poligonlara) äkidilýär.Senagat guramalary kagyz, aýna, karton we plastmassa ýaly gaýtadan ulanylýan galyndylary alýarlar.Zibil meýdançalaryna gidýänler hojalyk galyndylary, lukmançylyk galyndylary, howply galyndylar we ş.m. bölümlere bölünip, guramaçylykly gizlenilýär (свалка; landfill) ýa-da ýok edilýär.


Guramaçylykly ammar etme (düzenli depolama) -- hapalary jaýlamak işlewine (prosesine) aýdylýar.Çuň çukurlar gazylýar we zibiller bu çukurlara dökülýär hem-de topraga syzmazlygy üçin izolýasiýa edilen material bilen örtülýär.


Düýbünden ýok ediljek zibiller bolsa ýakylýar.Ýakylyp boljak zibiller tutaşdyrylýar we üstüne gaýta-gaýta zibiller guýlup ýakylýar.Zyýanly, howply galyndylary bolsa betondan ýasalan gurluşa (struktura) ýerleşdirip, deňziň düýbüne zyňylýar.


Häzirki wagtda ösen ýurtlaryň köpüsi zibillerden energiýa öndürýär.Piroliz usuly bu amal üçin ulanylýar.Piroliz - hapalary howasyz gurşawda gysmak we ony kömre, suwuk ýangyja ýa-da gaza öwürmekdir. Şwesiýa bu işi şeýle bir gowy ýerine ýetirýär welin, ýurtda zibil ýoklugy sebäpli beýleki ýurtlardan zibil eksport edýär.


Ýurdumyzda zibilden energiýa öndürmek, gynansak-da ileri tutulýan usul däl.Bu ugurda edilmeli işler: zerur infrastrukturany* döretmek, maýa goýumlaryny köpeltmek we ekolog-inženeriniň ynsanlary bu iş bilen üpjün etmegi.


Infrastruktura - (jemgyýet bilimi adalgasy) Ykdysady esasda ulanylýan umumy düşünje, önümçilige gönükdirilen zähmeti we bilimleri, önümçilikde ulanylýan gurallary, önümçilik usullaryny we önümçilik gatnaşyklaryny öz içine alýar.

26
28
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.