strawberry
20.11.2023 09:07

Saklaman seni.

Gùýjùm ýokla saña, sòz oklamana,

Sòýmeseñ gidiber, saklaman seni,

Hakym ýok janym, meñ saklamana,

Sòýmeseñ gidiber, saklaman seni.


Diýipdirin, belent şaha gol degsin,

Ýa-da bolmasa ol başyn egsin,

Agyrmasyn, maña hiçhaçan nebsiñ,

Sòýmeseñ gidiber, saklaman seni.


Yşyk ýùrekde bolsa, gitmez ol ýakman,

Bir òzùñ, sòýseñem ýanarsyñ hòkman,

Ýekeje haýyşym, yzyña bakma,

Sòýmeseñ gidiber, saklaman seni.


Sowklyk gelse, doñar başda erán doñ,

Şeýle bir nakyl bar, bolupdyr ol ýoñ,

Ýedi ýyl aglaryn, unudaryn soñ,

Sòýmeseñ gidiber, saklaman seni.


Şondan soñ egsiler, ýaşlarym dama,

Sen ýetseñem bolýar, arzuwly daña,

Bagtyña guwanmak, bagtdyr maña,

Sòýmeseñ gidiber, saklaman seni.

22
37
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.