Sorag
Ýadama sen, aladaňy men etjek,
Ýapraklary sübseleme ýel bilen.
Gijelere çyn syrdaşyň men barkam,
Ümmüldeşme del bilen.
Meň gysganýanymy bildirýär sözlem,
Gabanýanymy-da aýdýandyr gözlem.
Wah, geregem däl-le, bu zatlar hakda
Aýdan bolup ýörmek, gör, üzlem-üzlem…
Çözlem-çözlem bulupdyr-a kalbymda,
Pynhan söýgim, gyşa çenli göterýän.
Men gyşda-da seniň Zemine taşlan
Ýapraklarňy ýatlap güni ötürýän…
Göýä ýapraklarda aryň bar ýaly,
Alynmadyk söýgiň üçin öçli sen.
Alynmadyk söýgiň sapak bolupdyr,
Hut şoň üçin güýçli sen!
A men gijelerňe syrdaşyň bolup,
Ýeňletjek bolýaryn seniň derdiňi.
Aýtsana, bu derdi beren jenan kim,
Aýsana, güýz, ony Hudaý berdimi?
Aýjahan ANNABAÝEWA
***************
Öz düzenim👇
Ilkinji söýgim sen söýenim ve söýjegim sen...
Âhlisinden üýtgeşijek bir duýgy
Bu gün gurşap aldy yüregmi
Ol yürekde biriniñä ady bar
Hawa hawa ol sen bolyañ Söýenim
Gözleriñde soñlanmajak söýgini
Ýuregiñde hıc öçmejek duýgyny
Bu ömirde hic gitmejek yarymy
Gördim men hemmesini yar sende
Garaja gözleriñ ogrynja bakyar
Gijeler yatyrmaz senli hyyallar
Bu dünyâde bir ajaap zad bar bolsa
Ol seniñ we menñ söýgimizdir ýar
Señ adyñy ýuregimde saklayan
Men seni söýyerin hic unytmayan
Señ bilen bir ömür sürsek bir döwran
Bu ömrümde mende arman galmayar
Her goşgymy her bendim bağş edip saña
Emma söýgim sygmaz kagyz ýüzine
Hawa..Bu giñ dünýä sygmajak söýgim
Nadip sygsyn bir bölejik kagyza
Seni men özgelerden gabanyan
Käp gyzlaryñ nazaryndan gysganyan
Bilyan diyäñ beyle aşa gabanma
Aşa söýdim aşa beter gysganyan
Wah yuregimiñ urgysyny görsedin
Ol gursakdan cyksam cykaysam diyyar
Gözlerim seni gören mahalyy
Ol gözler begenjden yaña parlayar
Aýralyk kakmasyn Allajan biziñ gapymyz
Bu söýgi ody öçmesin hic mahal
Men señki ,sen meñki bolarys Insallah
Şeydip Ensallah bir ömür dowran süreli
Söýýän seni...ömürlik söýgim❤❤