Tehnologiýa güýçli depginde ösýär. Olaryň hemmesi barada öwrenip, tanyşyp ýetişmek hem mümkin däl. Şonuň üçin hem köp soraglar ýüze çykýar. Gündeki peýdalanyp ýören tehnologiýalarymyz barada käbir soralýan soraglara jogap berýäris.
SÜÝMLI OPTIKI KABELLER MAGLUMATY NÄDIP GEÇIRÝÄRLER?
Süýmli optiki kabeller adaty mis simli kabellerden maglumaty 10 esse ýokary tizlikde geçirýärler. Olar maglumaty lazerleriň ýa-da LED ýagtylyk diodlaryň üsti bilen geçirýärler. Her bir optiki kabeliň daşky bölegi serpikdiriji aýna bilen örtülip, içi arassalanan inçe aýna süýmlerden ybaratdyr. Şeýle bolmaklyk ýagtylyk bölejiklere içki diwara urulyp, islenilen uzaklyga uly tizlikde barmaga mümkinçilik berýär. Süýmli optiki kabeller adaty kabelleriň ýogynlygynda bolup, maglumat signallaryny ýokary tizlikde we üznüksiz geçirýär.
NÄME ÜÇIN KOMPÝUTERLERIŇ DÜZÜM BÖLEKLERI KIÇELSE-DE, SMARTFONLAR ULALÝAR?
Biz smartfonlary öňki ýyllara garanyňda has köp zatlary ýerine ýetirmek üçin ulanýarys. Adamlar olary wideo görmekde, oýun oýnamakda, programma goýbermekde, hatda işlerini ýerine ýetirmekde hem ulanýarlar. Wideo tomaşa etmek we köp maglumaty okamak üçin uly ekranlar has-da gyzykly bolýar. Ulanyşy we gyzgalaňy has-da ösdürmek üçin smartfon öndürijiler uly ekranlardan peýdalanýarlar. Munuň özi bolsa smartfonlaryň has ulaldylyp ýasalmagyna getirýär.
UÇARDA ÖÝJÜKLI TELEFONLARY NÄME ÜÇIN ÖÇÜRMELI?
Uçarlarda öýjükli telefonlary öçürmekligiň anyk jogaby bolmasa-da, howa ýollarynyň kompaniýalary olaryň uçaryň aragatnaşyk signallaryna böwet bolmagynyň öňüni almak üçin müşderilere elektroniki enjamlary öçürmekligi maslahat berýärler. Emma tehnologiýanyň ösüp kämilleşmegi bilen bu kynçylygy ýeňip geçýän ýörite signal çipler döredildi we smartfonlarda ornaşdyrylyp başlandy.
HAÇAN-DA FAÝLLAR WE SURATLAR KOMPÝUTERDEN POZULYP AÝRYLANDA NÄME BOLÝAR?
Haçan-da siz kompýuterden bir faýly pozanyňyzda, ol müdimilik aýryldy diýip pikir etmegiňiz mümkin, emma ol asla beýle bolmaýar. Faýly pozanymyzda kompýuter onuň diňe bar diýip aýdýan belligini aýyrýar. Faýla degişli bolan ähli maglumatlar kompýuteriň gaty ýadynyň bir ýerinde tapyp bolýar. Bu hadysa edil kitabyň daşyny aýryp, içindäki ähli sahypalaryň galyşy ýaly bolýar. Kitabyň özi ýok bolany bilen onuň maglumaty şol ýerden gitmeýär. Pozulan faýl diňe komýuteriň ýeri başga zatlar bilen dolanda ýer bolman aýrylýar.