Bir ýerde bir post goýulsa ylgap kommentariýa ýapyşýanlardan başlap, sessizje hemme zady bilýän agzalara çenli gyzgynjak salam aýtmak bilen "Tanyşmak aýyp däl" virtual gepleşigimiziň 9-njy sanynda siziň hemmejäňizi hoş gördük. Gepleşigimiziň bu gezekki sanynda soňky döwürler az görünýän, öňler bolsa bir ýerde bir dawa bolsa, men Taýsonyň gyzy diýip ýören hanymymyz miss @guli_ myhmançylykda. Hawa, miss @guli_ hoş gördük, eliňizem boş gördük. (Dur, dur başlama şuwagtdan "pahyr knopkanyň" Vip görnüşinden basyp, "a how, agamjan biz talyplaryň ýagdaýyna-da düşünäýdä" diýip)
(Düşünýän, gidenňizde awtobus pulyny bersem bolýa dämi?)
Gepleşigiň baş hemaýatkäri: GDDD, "Gutarýançaň dekana daýy diý" halkara talyplar guramasy.
Başlalyň onda.
@mawy oturaý indi ýeriňde, @besimov04 goý indi şo futbolly gürrüňiňi, @garlawac_ sumkajygyňa salan süýjileri çaltjak ýerinde goý.
Woo, ine boldy. Başladyk.
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).
2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyzjyk... Bu ilkinjimi ýa başgada bardymy?
3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?
4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?
5. Iň köp aldan ýeriňiz haýsy?
6. Aýtmaklaryna görä, adamlaryň ýok zada islegi has uly bolýarmyş. Sizde nämä isleg has uly?
7. "Pahyr knopkany" iň köp ulanan 3 ýeriňiz (ýagdaýyňyz) haýsylar?
8. Söýgi bilen araňyz nähili? Söýgi nähili bolmaly?
9. Aýdaly, 1 günlik oglan bolmaly bolsa, ilki bilen etjek 3 zadyňyz?
10. Jigiň bolany gowumy ýa-da özüň jigi bolsaň?
11. @guli_ -niň bişirip bilmeýän naharlary haysylar?
12. Boş wagtyňyz näme bilen meşgul?
13. Söz aýdylmadyk gyz ýokmyş diýýäler. Size jemi näçe oglan söz aýtdy?
14. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?
15. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?
16. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun! Okuwda, durmuşda üstünlik! Özüňizem, durmuşyňyzam güller ýaly owadan bolsun!