Abat_
19.11.2023 12:57
Salam dostum!
Bilýäňmi näme, men ýat şäherleri juda söýýärin. Ýöne men hiç haçan olar bilen tanyşmak islemedim. Sebäbi ýat şäherlerde ýatlamaň ýokdur. Onuň hemme zady ýatdyr.
Ýollary, şemaly, agaçlarynyň yrgyldaýşy, ýagyşy, asmany, buludy, güneşi, adamlary... ähli zady nätanyş. Men şol nätanyşlygy söýýärin. Käte ýollara uza-a-ak seredip durarsyň, o ýollar hiç kimi alyp giden däldir, şonuň üçinem hiç kimiň gelmegine garaşmarsyň. Ol adaty bir ýol seniň üçin, oňa agyr manylary ýüklemersiň. Kimdir biri bilen gabatlaşyp, geçmişe dolanmak gorkyň ýokdur. Gorkusyz, erkin ýörärsiň.
Şemallary ýönekeýdir. Ýöne bir saçlaryňy oýnap duran şemal ol. Sesi adaty bir şemalyň sesidir, agaçlary yrgyldadyp duran tebigy hadysa... Agaçlaram üýtgeşik yrgyldamaz, adatylygyny ýitirmez seniň üçin. Haýsydyr bir güni ýadyňa salmaz.
Ýagyşlary ýönekeý suw damjalary... Olar gözýaşlaryňa meňzemez, ýüregiňi, duýgularyňy gozgamaz. Tersine, ol damjalara ezilmek hezil, ýüzüňe degeninde mylaýym ýylgyrarsyň, hatda, ol ýylgyryşam nätanyş saňa.
Geň galarsyň, ýöne iç-içiňden hiç zady ýatlamaýanyňa begenersiň.
Ýagyşlary alyp gelýän bulutlar, bulutlary gujaklaýan asman... basym garaňky düşer, ýyldyzlar göz gypyp başlar. Ýok, olar bilenem tanyşjak däl. Goý, nätanyşlygyna galsyn!
Daň agarar. Gün dogar. Nätanyş yşyklar düşer penjireden. Guşlaryň sesine däl, ulaglaryň sesine oýanarsyň. Olaram nätanyş, gulagyňa hoş ýakar, begendirer.
Şo-o-ol ýylgyryş galar ýüzüňde. Öýden çykarsyň. Ýollaryň seni öňki tanyş ýerlere alyp gitmeýänligini bilersiň. Saňa düýbünden ýat adamlar bilen gabatlaşanyňda ýüzüňdäki ýylgyryş hasam ulalar. Sebäbi olar saňa hiç kimi ýatladanok.
Ana, şular üçin söýýärin ýat şäherleri, onuň nätanyşlyklaryny söýýärin hemem olar bilen hiç wagt tanyşmaryn.
Belki, bir gün ha-a-asam nätanyş şäherlere giderin.
26
118
Abat_
9 Dekabr 2023
Abat_
9 Dekabr 2023
ylham_gurbanaly
9 Dekabr 2023
@Sunshine lady, özüm bilerin) gmaile oklap göýberäýde soňkulary)
Abat_
9 Dekabr 2023
@ylham_gurbanaly, aýtman gitjegä:))
ylham_gurbanaly
9 Dekabr 2023
Gitjek wagtyň aýdaweri)
Abat_
19 Noýabr 2023
@garlawac_, mümkin)
Abat_
19 Noýabr 2023
@awgust, salam, mümkin awtoryny tapmadym, belliklerimden)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.